Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet54/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   50   51   52   53   54   55   56   57   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Grammatika. Häzirki zaman dil biliminde grammatika bölümi 
iki şaha, morfologiýa we sintaksise bölünýär. Morfologiýa adalgasy 
morphe – forma (görnüş) we logos – taglymat manylaryny aňladýan 
iki sany grek sözünden emele gelipdir. Bu adalga ilki biologik adalga 
bolup, soň dil biliminde ulanylyp başlapdyr. Biologiýada organizmiň 
gurluşy hakyndaky taglymata morfologiýa diýilýär.
Dil biliminde morfologiýanyň manysyny sözüň formasy hasyl 
edýär. Bu bölümde ol ýa-da başga dillerdäki sözleriň gurluşy, olaryň 
düzümindäki morfemalar, sözleriň toparlara bölünişiniň aýratynlyk-
lary, söz toparlary bilen baglanyşykly grammatik kategoriýalar öwre-
nilýär. Diýmek, morfologiýa adalgasy dil biliminiň bir bölüminiň ady 
bilen birlikde sözleriň grammatik formalarynyň ulgamy manysynda 
hem ulanylýar. Şunuň netijesinde, haýsydyr bir diliň morfologiýasy 
(türkmen diliniň morfologiýasy, rus diliniň morfologiýasy, pars diliniň 
morfologiýasy) diýlende, şol diliň morfologik ulgamyna, şeýle-de bu 
ulgam hakyndaky ylma düşünilýär.


82
Morfologiýanyň öwrenýän meselesi bolan sözüň formasy näme? 
Bilşimiz ýaly, dilde pikir aýry-aýry sözleriň üsti bilen däl-de, söz-
lemler arkaly aňladylýar. Sözlem düzmek üçin sözleri biri-birine 
birleşdirmek zerurdyr. Meselem, gör, göz, gymmat, kör, ýan, belli 
sözleri aýratynlykda pikir aňlatmaýar. Sözlere degişli goşulmalar 
goşulsa, olar birleşip pikir aňlatmaga hyzmat eder: Gör+er göz+üň 
gymmat+y, kör ýan+ynda belli+dir. Şol ýagdaýda olar belli bir for-
ma eýe bolar. Bu formalar, ýagny sözleriň grammatik formalary dilde 
giňden ýaýrandyr.
Morfema. Sözüň bellibir mana eýe bolan, böleklere bölünmeýän 
bölegine morfema diýilýär. Meselem: oglan+jyk+lar+dan sözünde 
dört sany morfema bar. «Morfema» adalgasy dil bilimine ilkinji gezek 
XIX asyryň segseninji ýyllarynda Boduen de Kurtene tarapyndan 
girizilipdir. Morfemalar esasy morfemalar, söz ýasaýjy morfemalar, 
söz üýtgediji morfemalar görnüşinde bolup biler (J.Amansaryýew, 
G.Gulmanow, Lingwistik terminleriň rusça-türkmençe sprawoçnigi, 
Aşgabat 1981, 109 sah.). Asyl söz morfemalary özbaşdak ulanyp bol-
ýar, goşulma morfemalary sözlere goşulyp olardan täze manyly söz 
ýa-da täze grammatik formaly söz ýasaýar.
Morfologik kategoriýalar dildäki aýratyn görnüşli morfologik 
hadysalardyr. Meselem, türkmen dilinde san, degişlilik, düşüm, za-
man, dereje kategoriýalary bardyr.
Morfologik kategoriýalar dilleriň hemmesinde birmeňzeş däldir. 
Meselem, düşüm kategoriýasynyň sany dillerde deň däldir. Türkmen di-
linde alty, nemes dilinde dört, gruzin dilinde ýedi, eston dilinde on dört 
düşüm bar. Jyns kategoriýasynyň sany fransuz dilinde iki (aýal, erkek), 
rus dilinde üç (aýal, erkek, orta) sanydyr. Bir dilde gabat gelýän morfo-
logik kategoriýanyň beýleki bir dilde bolmazlygy hem mümkindir. Me-
selem, türki dillerde grammatik jyns kategoriýasy, Afrika halklarynyň 
birtoparynyň dilinde zaman kategoriýasy ýokdur. Dillerdäki bu tapawut-
lar aýry-aýry dilleriň hususy aýratynlyklarynyň netijesidir.
Morfologik barlaglaryň gadymy taryhy bar. B.e.öň V asyr-
da hindi dilçileri dildäki morfologik hadysalara gözegçilik edip, ol 
hakynda degerli pikirleri öňe sürüpdirler. Gadymy alymlar sözleriň 
toparlara bölünişine-de üns beripdirler. Olary ýörite tertip boýunça 
ýerleşdiripdirler. Häzirki zaman dil biliminde morfologiýa düýpli 
öwrenilen bölümleriň biri hasaplanylýar.


83
Dil biliminde diliň söz düzümi we sözlem ulgamyny öwrenýän 
bölüm sintaksis diýlip atlandyrylýar. Sintaksis grek dilindäki «synta-
xis» sözünden bolup, «gurmak, tertibe salmak» manysyny berýär. 
Söz düzümlerini we sözlemleri öwrenmek sintaksisiň esasy me-
selesidir. Sintaksis olaryň her biriniň daşky aýratynlygyny, içki 
özboluşlylygyny, dildäki ähmiýetini aýdyňlaşdyrýar.
Söz düzümleri sözleriň grammatika hem-de many taýyndan öza-
ra baglanyşmagy netijesinde döreýän sintaktik bütewülikdir. Sözleriň 
sintaktik birleşmesi dilde frazeologik birliklere hem mahsusdyr. 
Ýöne, ol birlirkler dil biliminiň beýleki bir bölüminde − frazeologiýa-
da öwrenilýär.
Sözlem grammatik taýdan özara baglanyşyp, gutarylan heňde 
aýdylmak bilen bellibir pikir aňladýan sözler ýygyndysy ýa-da söz-
dür. Dil biliminde sözleme onlarça kesgitleme berilýär. Ýöne olaryň 
arasyndaky tapawut onçakly uly däldir. Sözlem many we gurluş ala-
matlary tarapyndan öwrenilýär.
Sözlemiň many alamaty onuň baş agzalarynyň arasyndaky my-
nasybetdir, gurluş alamaty bolsa sözlemiň ýönekeý, goşma we ş.m 
görnüşleridir. 
Dil biliminiň taryhyndan görnüşi ýaly, sintaksis bilen bagly işler 
gadymy döwürden bäri bellidir. Beýik rus alymy M. W. Lomono-
sow 1755-nji ýylda ýazan «Rus grammatikasy» atly işinde sintaksisiň 
meselelerine giň orun beripdir. Sintaksis bilen bagly pikirlere rus 
dilçilerinden A. Wostokowyň, F. Fortunatowyň, A. Şahmatowyň 
işlerinde, türki dilleriniň sintaksisiniň meselelerine bolsa, M. A. Ka-

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   50   51   52   53   54   55   56   57   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling