Umumy dil bilimi


zym Bekiň işlerinde gabat gelmek bolýar. Türkmen diliniň sintaksisiniň meseleleri babatda P. Azymowyň


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet55/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   51   52   53   54   55   56   57   58   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

zym Bekiň işlerinde gabat gelmek bolýar.
Türkmen diliniň sintaksisiniň meseleleri babatda P. Azymowyň, 
M. Hamzaýewiň, G. Saryýewiň işleri bellidir.1962-nji ýylda P. Azy-
mowyň ýolbaşçylygynda hem-de işjeň gatnaşmagynda «Häzirki za-
man türkmen dili» (sintaksis) kitaby neşir edilýär. M.Hamzaýewiň 
düzmeli goşma sözlemler baradaky ylmy işleri dürli döwürdlerde 
ylmy neşirlerde çap edilipdir. Türkmen dil biliminiň uly wekilleriniň 
biri bolan G.Saryýew bolsa 1974-nji ýylda «Türkmen edebi dilinde 
söz düzümleri» diýen tema boýunça doktorlyk dissertasiýasyny go-
raýar. Bu iş 1972-nji ýylda aýratyn kitap bolup çykýar.
Tejribe dil biliminiň bölümleri. Dil biliminiň bu şahasynyň 


84
hem birnäçe bölümi emele gelipdir. Olara, esasan, grafika, orfogra-
fiýa, orfoepiýa, leksikografiýa, terjimeçilik degişlidir.
Grafika. Grafika giň manyda ulanylýan adalgadyr. Ol diňe bir dil 
biliminde däl, eýsem, ylmyň başga-da dürli pudaklarynda gabat gelýär. 
Grafika grek dilindäki graphikos (çyzmak, çekmek) sözündendir. Gra-
fika adalgasy dil biliminde hatlaryň ýazylmagynyň (çyzylmagynyň) 
formalary we ol ýa-da beýleki harpyň haýsy sesi, sesleri aňlatmagy, 
nähili okalmalydygy baradaky meseleleri aýdyňlaşdyrýar.
Dil biliminiň grafika bölüminiň taryhy XIX asyrdan başlanýar. 
Alymlar bu asyrda ses bilen harpyň arasyndaky tapawutlary, aýry-
-aýry harplaryň gurluşyndaky aýratynlyklary anyklapdyrlar. Şunuň 
netijesinde hem dil biliminiň grafika bölümi döräp, onuň wezipeleri, 
maksady ýüze çykypdyr. 
Her bir milli grafik ulgamdaky harplar sany, ýazylyş usullarynyň 
aýratynlyklary boýunça tapawutlanyp bilýärler. Harplary aňladýan 
grafik belgiler şertli häsiýete eýedir. Olarda sesleriň aýratynlygy 
göz öňünde tutulmaýar. Bir sesi aňladýan harpyň deregine başga bir 
harpyň ulanylmagy kabul edilse-de, sesde hiç hili üýtgeşme ýüze çyk-
maýar. Meselem, «s» sesi rus kril elipbiýinde «c» harpy , latyn elip-
biýinde «s» harpy bilen aňladylýar. Ýöne şekilleriň üýtgemegi sese 
täsir etmeýär.
Fonografik ýazuwlardaky harplar ölçegleri, gurluşlary boýunça 
birnäçe hili bolup bilýär. Gadymy fonografik ýazuwlarda harplaryň 
diňe bir ölçegdäki ýazylyşy ulanylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen 
harplaryň iki dürli ölçegdäki görnüşleri emele gelipdir. Beýle ýa-
zuwlara latyn we slawýan ýazuw ulgamlaryny mysal getirmek bolar. 
Bu ýazuwlaryň esasynda döredilen elipbiýlerde harplar ölçeglerine 
laýyklykda baş we setir harplar görnüşinde iki topara bölünýär. Arap 
ýazuw ulgamynda harplar ölçegi babatdan baş we setir harplaryna 
bölünmeýär.
Fonografik ýazuwlardaky harplar gurluşy babatdan sada hem 
çylşyrymly harplara bölünýär. Ýazylyşy aňsat bolan, bir şekilden yba-
rat harplar sada harplardyr, meselem: a, o, s, h we ş.m. Çylşyrymly 
harplar ligatura harplary we diakretik şekilli harplar görnüşindedir. 
Ligatura (latyn dilindäki ligare – bitişmek, birleşmek) harplary iki ýa-da 
ondan köp harpyň birleşip bir ses aňlatmagydyr. Ligatura harplary 


85
birleşýän ligaturalar we ýanaşýan ligaturalar görnüşinde bolýar. Bir 
harpyň beýleki harpa birleşdirilmegi netijesinde bir sesi aňlatmakda 
ulanylýan ligaturalar birleşýän ligaturalardyr. Türki dillerindäki 
«ň» sesini arap elipbiýinde ýazmak üçin «nun» we «gäp» harplary 
birleşdirilip ulanylýar. Iki we ondan köp bolan harplaryň bir sesi 
aňlatmakda birleşdirilmezden, ýanaşyk ýagdaýda peýdalanylmagy 
ýanaşýan ligaturalardyr. Meselem, nemes dilinde «ş» sesini «sch», 
iňlis dilinde «ç» sesini «ch» ligaturalary berýär. Olar ýanaşýan liga-
turalardyr.
Diakretik şekilli harplaryň aşagynda, ýokarsynda ýa-da ortasynda 
bellikler goýlup, başga bir fonema aňladylýar. Meselem, türkmen elip-
biýindäki ü, ö harplary diakretik belgiler bilen ýasalypdyr. Harplaryň 
uzynlygyny we ş.m görkezmekde ulanylýan fonetik transkripsiýanyň 
belliklerini diakretik bellikler hasaplamak bolmaýar. Arap elipbiýin-
däki nokatlar diakretik belliklere degişlidir, sebäbi şol nokatlaryň 
goýulmagynyň esasynda ol harp başga bir sesi aňladar.
Harplaryň elýazma we çap görnüşleri bar. Elipbiýlerdäki 
harplaryň çap we elýazma görnüşleriniň tapawudy olaryň ýazuw teh-
nikasy bilen baglydyr.
Grafikanyň esasy wezipeleriniň biri harplaryň çap görnüşiniň 
emele gelmegini aýdyňlaşdyrmakdyr. Çap harplary düz, ýarym aýlaw 
görnüşlerinde bolup bilýär. Meselem, K, L, Z, T we ş.m, harplar düz 
harplara, O, U, Ö, Ç we ş.m. harplar ýarym aýlaw harplara degişlidir.
Grafikanyň esasy meseleleriniň biri ol ýa-da beýleki elipbiýler-
däki harplar bilen sesleriň mynasybetini düşündirmekden ybaratdyr. 
Grafika elipbiýdäki harpyň haýsy sesi aňladýandygyny, nähili 
okalýandygyny ýüze çykarýar. Meselem, bir elipbiýdäki harp beýleki 
elipbiýde başga sesi aňladyp biler.

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   51   52   53   54   55   56   57   58   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling