Aşgabat “Ylym” neşirýaty
Ýan Amos Komenskiniň “Enelik mekdebi” barada maglu-
Download 0.56 Mb. Pdf ko'rish
|
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym
Ýan Amos Komenskiniň “Enelik mekdebi” barada maglu-
mat. Beýik çeh pedagogy Ý.A.Komenskiý (1592-1670) ylmy peda- gogikanyň düýbüni tutdy. Ol mekdebe çenli ýaşly çagalary terbi ýe- lemäge hem aýratyn üns berdi. Ol dine ynanypdyr. Şeýle bolsa-da onuň gymmatly maglumatlary bar. Komenskiý terbiýe netijesinde is- län çagany hakyky adam edip terbiýeläp bolýar diýen pikiri aýdýar. Ol çagalary ýaş aýratynlygyna garap bölüpdir. Ol şonda 6 ýaşa çenli berilýän terbiýäni esasy terbiýe diýip hasaplapdyr. Bu döwürde çaga fiziki we psihiki taýdan has çalt ösýär. Şonuň üçin olary has ukyply ça- galary gowy görýän we söýýän eneler terbiýelemelidir diýip düşünýär. Ol “Enelik mekdebi“ diýen örän gowy iş ýazýar. Komenskiniň bu kitaby mekdebe çenli çagalary terbiýelemegiň dünýäde ilkinji mak- satnamasy we gollanmasy hasaplanylýar. Ol çagalary ilki fiziki taýdan terbiýelemeklige aýratyn ähmiýet berýär. Ol hem beýleki pedagoglar ýaly, oýny çagalary terbiýelemegiň esasy serişdesi hasaplaýar. Komenskiý dine ynanýan hem bolsa, çagalary ahlak taýdan terbi- ýelemegiň zerurlygyny dogry görkezýär. Onuň çagalara ýaşlyk dan zähmet çekmekligi, dogruçyl, arassa hem-de mylaýym bolmaklygy öwretmeli diýen pikirleri örän ähmiýetlidir. 24 i bap Komenskiý çagalaryň mekdebe çenli döwrüni olaryň geljekde mek depde yzygiderli okamaklygynyň binýadydyr diýip belleýär. Ol “Enelik mekdebinde“ çagalaryň daş-töwerek barada ýeterlik düşün- jeleriniň bolmalydygyny aýdýar. Çaga 7 ýaşaýança tebigat boýunça ody, howany, suwu, ýeri, ýagşy, gary, buzu, gurşuny, demri we ş.m. hem-de güni, aýy, ýyldyzlary hem tapawutlandyryp bilemilidir. Çaga materialy 20-ä çenli sanamagy, jübüt we täk sanlary, 7-niň 5-den uludygyny, 15-iň 13-den uludygyny hem-de “uzyn“, “gysga“, “inli“, “insiz“, şeýle-de “töwerek, “inedördül” we ş.m. bilmeli dir. Çagalar “sagat“, “hepde“, “aý“, “ýyl“ diýlen düşünjeleri bilmelidir diýip ýazýar. Download 0.56 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling