Aşgabat “Ylym” neşirýaty


Irki ýaşdaky çagalaryň ösüşi we terbiýesi


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet20/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   ...   16   17   18   19   20   21   22   23   ...   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

Irki ýaşdaky çagalaryň ösüşi we terbiýesi
Terbiýeçi çagalara öwredilmeli medeni-arassaçylyk endiklerini 
gün tertibi boýunça yzy giderli alyp barmalydyr. Ara 1-2 boş gün 
düşse, çagada oňyn endik döräp bilmeýär. 
Meselem, çaga nahar iýmezden öň elini ýuwmagy, onda-da sa byn 
bilen ýuwmagy öwrense, onda ol endige öwrülýär. Nahar iýme li wag-
ty terbiýeçiniň görkezmesine garaşman, ellerini çermäp, sabyn bilen 
ýuwar we süpürgiç bilen süpürip, terbiýeçiniň “Nahar iýmäge geliň” 
diýen sözüne garaşyp durar. Çaga stola geçip otursa-da, terbiýeçiniň 
“Çagalar, işdäňiz açyk bolsun, başlaberiň, iýiberiň!” diýip, aýtmagyna 
garaşýar.
2. Bir ýaşyndaky çagalaryň ösüşi we terbiýesi
Bir ýaşly çagalar beden taýdan gowy ösýärler. Wagtly-wagtynda 
kadaly iýmitlendirilen, hemmetaraplaýyn seredilen çaganyň agramy 
bir ýaşynyň birinji ýarymynda 600-700 g, ikinji ýarymynda 400-500 
g, boýy hem her aýda 2-3 sm ösýär. Bir ýaşynyň ahyrynda agramy 
10-10,5 kg, boýy hem 74-75 sm-e ýetýär. Kadaly ösen çaganyň 7-8 
aýlykda süýt dişleri peýda bolýar. Ýylyň ahyrynda olar 8-e ýetýär. Bir 
ýaşly çaganyň nerw ulgamynyň işleýiş ukyby artýar. Çaganyň açyk 
howada gezelenç etmegi 20-30 minut bolup, ýylyň ahyryna çenli 3,5 
sagada çenli artýar. Bir ýaşyndaky çagalary kadaly terbiýelemek we 
olaryň ösüşine ýolbaşçylyk etmek üçin olaryň bir ýaşyny şu aşakdaky 
döwürlere bölmek bolýar: 
Çaga doglanyndan 2,5-3 aýlyga çenli (şu döwre çaganyň täze 
dünýä inen 3-4 hepdesi degişlidir), 2,5-3 aýlykdan 5-6 aýlyga çen-
li, 5-6 aýlykdan 9-10 aýlyga çenli, 9-10 aýlykdan bir ýaşa çenli her 
döwür özünden soňky döwür üçin zerur basgançakdyr.
Çaganyň doglanyndan 2,5-3 aýlyga çenli döwri. Çaganyň ilkinji 
3-nji aýynda, esasan, görüş, eşidiş hem-de emosional ýagdaýlary gowy 
ösýär. Çagada gowy emosional ýagdaýyň bolmagy onuň hereketlerini 
kämilleşdirýär, sensor taýdan ösdürýär, dem alşyny, gan aýlanyşyny, 
iýmit siňdirişini gowulandyrýar.
Çaga doglanda onuň şertsiz refleksleri kadaly işläp başlaýar. Bu 
hem çaganyň daşky gurşawa tiz öwrenişmegine kömek edýär. 


36
ii bap
Bu döwründe görüş we eşidiş organlary kadaly işläp başlaýar. 
Emma ol bir zada köp wagt seredip durup bilmeýär. Şonuň üçin 
bir aýlyk çaga açyk reňkde bolan bir oýnawaç görkezmeli. 3 aýlyk 
çagalaryň görüş we eşidiş organlaryny ösdürmek üçin olar bilen my-
laýym gürleşmeli. Olary manežde goýup, olara açyk reňkde bolan uly 
oýnawajy görkezmeli. Çagajyk oýnawajy görüp şat bolýar, ýylgyrýar. 
Bu bolsa çaganyň psihiki ösüşine oňaýly täsir edýär. 

Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   16   17   18   19   20   21   22   23   ...   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling