Aşgabat “Ylym” neşirýaty
Irki ýaşdaky çagalary terbiýelemegiň wezipesi
Download 0.56 Mb. Pdf ko'rish
|
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- Beden terbiýesi.
- Irki ýaşdaky çagalaryň ösüşi we terbiýesi
Irki ýaşdaky çagalary terbiýelemegiň wezipesi. Irki ýaşda ky
çagalary terbiýelemegiň wezipesi hem mekdebe çenli ýaşdaky ça- galary terbiýelemegiňki bilen birmeňzeşdir. Olar hem uly ýaşdakylar ýaly beden, akyl, ahlak we gözellik taýdan terbiýelenýärler. Beden terbiýesi. Irki ýaşdaky çagalara berilýän terbiýäniň esa- sylarynyň biri be den terbiýesidir. Ilki bilen çaganyň saglygy barada alada etmeli, onuň ke sellemezliginiň önüni almaly, bedenini yssa we sowuga kem-kem den öwrenişdirmeli. Beden terbiýesini dogry ýola goý mak üçin çaga nyň gün tertibini ylmy taýdan kadaly guramaly we ony dogry alyp barmaly. Çaganyň iýmiti onuň ýaş aýratynlygyna ga bat gelmelidir hem-de gün tertibi boýunça görkezilen wagtynda berilse çaga beden taýdan kadaly ösýär. Çaganyň ukusy hem wagtly-wagtynda talabalaýyk bolmalydyr. Çaga gowy uklasa, açyk howada gezse gowy nahar iýýär. Durmuşda käbir çagalar nahary işdäsiz iýýärler. Şonda uly adamlar olary zor bi len naharlaýarlar. Şeýle etmek çaganyň işdäsini has-da peseldýär hem-de şol nahar aşgazanda ýaramaz özleşdirilýär. Irki ýaşdaky çagalar bilen bedeni ösdüriji owkalamak maşk la ry - ny dogry guramagyň olaryň beden taýdan kadaly ösmeginde ähmi ýe ti ulu dyr. Olaryň bolýan otagynda çagalaryň beden taýdan ösmegi üçin manež, depejik (gorka), ýapgyt merdiwanjyk we çagalaryň ýaşyna görä oýnawaçlar hem-de degişli şekiller ge rek dir. 33 Irki ýaşdaky çagalaryň ösüşi we terbiýesi I.P. Pawlow “Çaganyň erbet emosional ýadaýy onyň beden taý- dan dogry ösmegine pes täsir edýär” diýip belleýär. Çagalaryň bir to- par dan beýleki topara geçmegi, terbiýeçisiniň, enekesiniň çalşyp dur- magy hem çagalaryň terbiýesine täsir edýär. Çagalar edarasyndaky gün tertibi bilen maşgaladaky gün tertibi berk arabaglanyşykda bolmalydyr. Onuň ata-enesinden çaganyň gün tertibi barada, özbaşdak edip bilýän işleri barada, söýgüli oýnawaç la- ry, gowy görýän nahary we başga zatlar barada terbiýeçi sorap bilme- lidir. Irki ýaşdaky çaganyň beden terbiýesiniň dogry guralmagy olaryň akyl we ahlak taýdan hemmetaraplaýyn ösmegine şert döredýär. Bi- ziň Garaşsyz hem-de baky Bitarap ýurdumyz ulularyň we ýaşlaryň sagdyn bolmagy, gujurly Watan goraýjylary bolup ýetişmekleri üçin hiç bir zady gaýgyrmaýar. Şonuň üçin häzirki döwürde çagalaryň beden taýdan sagdyn ösmekleri üçin dürli işler durmuşa geçirilýär. Çaga dünýä inenden başlap, olaryň sagdyn ösüşine lukmanlar häli- şindi gözegçilik edýär. Download 0.56 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling