Çaganyň 2,5-3 aýlykdan 5-6 aýlyga çenli döwri. Şu ýaş döwür-
däki çagalaryň görüş we eşidiş organlary ösüp,, ses çykaryş täsiri, eli
bilen tutmak ýaly hereketler edip başlaýar. Çaganyň bu döwründe
psihiki taý dan ösüşinde uly üýtgeşmeler bolýar. Çaga bu döwürde
sesleri, reňk leri, predmetleriň şekillerini tertipläp bilmegi başarýar.
Şu döwürde çaganyň eşidişi gowulanýar. Käbir sesleri çykaryp bil-
megine şatlanýar. Ol çekimli “a-a-a” seslerini birnäçe gezek gaýta-
laýar. Öňki aýdyp bilýän seslerine täze sesleri goşup gaýtalaýar – “ba-
ba-ba-ba...”
Bu ýaşdaky çagalary manežde saklamaly we olara dürli açyk
reňkdäki oýna waçlary görkezmeli. Ol oýnawaçlary wagtly-wagtynda
çalşyryp dur maly.
Çagalaryň 5-6 aýlykdan 9-10 aýlyga çenli döwri. Bu ýaşdaky
çaga emedekläp bilýär. Käbir sesleri, bogunlary aýdyp bilýär. Çaga-
nyň emedekläp başlamagy hem uly üstünlikdir. Ol ýerden hereket
edip, öz islän ýerine baryp bilýär. Çaga oňa begenýär, şatlanýar. Eme-
deklemegiň çaga üçin peýdasy örän köpdür. Çagalara oturmakdan
öň emedeklemek öwredilmelidir. Emedeklemek çaganyň süňklerini
ösdür ýär we berkidýär. 8-9 aýlykdan öň oturmagy öwretmek çaganyň
saglygy üçin zyýanlydyr.
Çagalaryň 9-10 aýlykdan 1 ýaşa çenli döwri. Çaga bu dö wür-
de pshiki taýdan dogry ösmegi üçin köp mümkinçilikler alýar. Çaga
bu döwürde özbaşdak ýöremäni başaryp bilýär. Oýnawaçlar bi len
özbaşdak oýnap bilýär. Uly adamlaryň edýän işlerini, aýdýan sözleri-
ni gaýtalamany halaýarlar. Ýöremek üçin çaganyň süňküniň dogry
we kadaly ösmegi zerurdyr. Çaga emedeklemegiň üsti bilen süňk-
myşsa ulgamyny ösdürýär. Bu hem onuň ýöremegi üçin zerurdyr.
9-10 aýlyk çaga predmetden tutup, beýiklige çykmagy başarýar. 11
aýlyk çagalaryň köpüsi özbaşdak ýöräp bilýärler. Çaga predmetlere
37
Do'stlaringiz bilan baham: |