Aşgabat “Ylym” neşirýaty
Irki ýaşdaky çagalaryň ösüşi we terbiýesi
Download 0.56 Mb. Pdf ko'rish
|
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- 3. Iki ýaşyndaky çagalaryň ösüşi we terbiýesi
- Iki ýaşly çaganyň durmuşyny guramak.
- Hereketiniň ösüşi.
Irki ýaşdaky çagalaryň ösüşi we terbiýesi
ýapyşyp ýöremäni öwrenýär, soňra özbaşdak ýöräp başlaýar. Ol indi daş-töwerek bilen tanşyp başlaýar. Çagalara öz wagtynda ýöremegi öwretmegiň olary beden we akyl taýdan terbiýelemekde ähmiýeti örän uludyr. Amaly iş. Bir ýaşyna çenli çagalaryň edip biläýjek özbaşdak, medeni-arassaçylyk endiklerini seljeriň. Görkezip düşündirmek arka- ly çagalaryň kabul edip alşyna seljerme beriň. 3. Iki ýaşyndaky çagalaryň ösüşi we terbiýesi Kadaly ösýän we iýmit lendirilýän çaganyň agramy her aýda 170- 180 g artýar. Boýy hem 1 sm ösýär. Iki ýaşan çaganyň ortaça agramy 12-12,7 kg bolup, boýy hem 85-86 sm-e deň bolýar. Iki ýaşly çagada 20 sany süýt dişi bardyr. Iki ýaşynyň bi rinji ýarymynda 3-4 sagat, ikinji ýarymynda bolsa 4-5 sagat uklaman gezip bilýär. Şeýle-de iki ýaşly çaganyň bir gije-gündizdäki ukusy 14 sagada deň bolmalydyr. Iki ýaşly çaganyň durmuşyny guramak. Bu ýaşdakylaryň to- pary bir ýaşdan iki ýaşa çenli bolan çagalardan düzülýär. Iki ýaşly ça- galar günüň dowamynda 2,5 sagatdan iki gezek uklaýarlar. Çagalaryň gündizki ukusynyň iki gezekden bir wagta geçmekligi birnäçe aýyň dowamynda alnyp barylýar. Çagalar şeýle tertibe geçmek bilen özlerini kadaly duýýarlar, ýöne wagtyň geçmegi bilen olar ýadaýarlar, kähalatda olar stoluň başynda uklap galýarlar. Günortanlyk naharyny az iýýärler. Şeýle bolanda, çagalary iki gezek ýatmaklyga geçirmeli, soňra bolsa iki hepdeden ýene öňki bir wagtky ukusyna getirmeli. Iki ýaşyndaky çagalar iýmitiň hemme görnüşini özbaşdak iýmegi, stoluň başynda öz ornunyň nirededigini bilmegi başarmalydyr. Çagalara egin-eşigini geýip-çykarmaga terbiýeçi kömek etmeli. Bir ýaşynyň soňunda çaga ýöräp, gürläp, predmetler bilen arabaglanyşykda bolup durýar. Bu bolsa onuň iki ýaşyna mahsus ösüş ukybyny görkezýär. Hereketiniň ösüşi. Iki ýaşly çagalaryň ösüşinde, esasan, here- ket li oýunlar möhüm bolup durýar. Hereketiň esasy tärleriniň biri hem çaganyň özbaşdak ýöremegi bolup durýar. Çaga ýöremeklige mätäç bolýar, şonuň üçin ol ýörejek bolup hereket edýär. Bu bolsa çagada şatlykly duýgulary emele getirýär. Çaga ýöräp ugranda, ol el- 38 ii bap lerini hem herekete getirýär. Gorkman ýykylyp, ellerine predmetleri alyp oýnamaklygy, olary çekeläp oýnamagy başarýarlar. Toparyň için de çagalaryň ýaşyna görä stollar, oturgyçlar bolmalydyr. Çagalara iki ýaşynda beden maşklaryny, gezelençler etdirmek möhüm bolup durýar. Sowuk howada, ýagny güýzde, gyşda hem-de baharyň irki günlerinde ýöremegi doly öwrenen çagalar bilen gezelençler guramak bolar. Ol çagalar eginlerindäki eşikler bilen ýöremegi başarýan çagalar bolmalydyr. Ýylyň salkyn döwri, ýagny howanyň gowy wagty ýöre- megi ýaňy öwrenen çagalar bilen gezelençler guramak bolar. Ýöne çagalaryň dürli oýunlar, gezelençler, maşklar bilen meşgullanmagy olaryň oýnawaçlary oýnamagyna päsgel bermeli däldir. Download 0.56 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling