Aşgabat “Ylym” neşirýaty


Akyl terbiýesiniň çaga terbiýesindäki orny


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet8/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

Akyl terbiýesiniň çaga terbiýesindäki orny. Çaganyň akyly, 
pikirlenmek ukyby onuň hemişe, gündelik adamlar bilen arabag la-
ny şygynda ýüze çykýar. Akyl terbiýesi – bu adamyň pikirleniş me-
de niýetiniň ösmegi, bütin durmuşynda bolup geçýän zatlara onuň 
akyl ýetirmegidir. Çagalarda akyl-terbiýesini talabalaýyk guramak 
üçin olara gowy bilim berjilik maksatly maksatnamalar işlenilip 
düzülmelidir. Şeýle-de terbiýeçi, mugallym öz işinde dürli usullardan 
peýdalanmalydyr. Akyl terbiýesiniň esasy meseleleriniň çözgüdi hem 
mugallymlaryň, terbiýeçileriň özleriniň bilimlerini artdyrmaga bolan 
höwesidir. Mugallym sapagyna höwes döretmelidir. Okadýan dersine 
degişli täze açyşlar, gyzykly temalar bilen çagalary tanyşdyryp, olarda 
gyzyklanma döretmelidir. Mekdebe çenli ýaşly çagalaryň terbiýeçileri 
öz hünärlerine ökde, giň dünýägaraýyşly bolmalydyr. 
Zähmet terbiýesi. Zähmet terbiýesi mekdebe çenli çagalar edar-
alarynda öwredilip başlanylýar. Onuň esasy maksady oba hojalyk
tehniki enjamlary peý dalanmagyň usullaryny öwretmekdir. (“Zähmet 
terbiýesi” diýen bö lü me seretmeli).
Gözellik terbiýesi. Bu ahlak terbiýe bilen aýrylmaz bagla ny-
şykdadyr. Gözellik terbiýesi çagalara tebigat, sungat baradaky dü-
şün jeleri bermekden başlanýar. Kiçijek çagajyga hem biz tebigatdaky 
*2. Sargyt №03


18
i bap
gözel zatlary synlamagy öwredip bileris. Gözellik terbiýesiniň esasy 
meseleleriniň biri çagalara hakyky gözelligi tanamaklygy öwretmek-
likdir. Irki döwürden başlap, çagalarda sungata bolan söýgi döretme-
lidir. Olarda aýdym aýtmak, tans etmek höwesini döretmeli. Gözel-
lik terbiýesiniň esasy serişdeleriniň biri hem çagalar üçin gurnalýan 
işler, ýagny medeniýet öýleriniň, teatrlaryň, kinoteatrlaryň goldawy 
gerekdir. Çagalar baglarynda gözellik terbiýäni maksadalaýyk edip 
bermelidir. ( “Gözellik terbiýesi”diýen bölüme seretmeli). 

Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling