Aşgabat “Ylym” neşirýaty
Download 0.56 Mb. Pdf ko'rish
|
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- 4. Türkmenistanyň Bilim ulgamy
- Ýurdumyzyň Bilim ulgamynyň gurluşynyň aýratynlygy.
- Pedagogikanyň umumy esaslary
Beden terbiýesi. Bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga,
çaga laryň bedenini ösdürmeklige, olaryň bilimlerini berkitmeklige, olary zähmete ugrukdyrmaklyga, ýurdy goramaklyga gönükdirilendir (“Beden terbiýesi” diýen bölüme seretmeli). 4. Türkmenistanyň Bilim ulgamy Her bir ýurduň özüniň syýasy döwlet gurluşyna görä, bilim we terbiýe berýän edaralary bardyr. Olar dürli ýurtlarda dürli hilidir. Türmenistanda bilim ulgamy şu aşakdaky basgançaklardan du- rýar: – mekdebe çenli bilim; – umumy orta bilim ; – başlangyç hünär bilimi; – orta hünär bilimi; – ýokary hünär bilimi; – ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi. Türkmenistanda mekdebe çenli ýaşly çagalary terbiýelemek we okatmak, olaryň beden we ruhy saglygyny goramak we berkitmek, şahsy başarnyklaryny ösdürmek üçin maşgala kömek hökmünde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ulgamy hereket edýär. Işleýiş şertlerine baglylykda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň: çagalar bakjasy, çagalar bakja-bagy, çagalar bagy we beýleki gör nüş- leri bar. Ýurdumyzyň Bilim ulgamynyň gurluşynyň aýratynlygy. 1. Bilimiň her bir raýat üçin elýeterlilik häsiýeti. Ýurdumyzda her bir adamyň öz islegine hem-de ukybyna görä, degişli okuw jaýynda 19 Pedagogikanyň umumy esaslary okap, bilim almaga, kär öwrenmäge hemmeleriň deň derejede müm- kinçiligi bardyr. 2. Bilimiň deňhukuklylyk häsiýeti. Ýurdumyzda her bir raýat üçin öz başarnygyny, zehinini artdyrmaga doly mümkinçilikler, şertler döredilendir we ähli halklaryň bilim, hünär almaga deň derejede hu- kuklary bardyr. Ata-eneler öz çagalaryny islän dillerinde okadyp bilýärler. Olar döwletimiziň islendik okuw jaýlarynda okamakda, bilim we hü- när öwrenmekde deňhukuklydyr. Daşary ýurtlarda ýaşaýan ildeş- lerimiziň çagalary üçin hem bilim almaklyga mümkinçilik döredi- lendir. Ýurdumyzyň ýigitlerine we gyzlaryna hem daşary ýurtlaryň okuw jaýlarynda dürli hünärler boýunça bilim almaklary üçin müm- kinçilikler berilýär 3. Döwletiň bilim beriş edaralarynda bilim beriş hyzmaty mugt- dur. Okuwçylar we talyplar mugt okadylýar, okuw kitaplaryndan mugt peýdalanýarlar. 4. Ýurdumyzda bilimiň we terbiýäniň taryh, medeniýet we däp- dessurlar bilen aýrylmaz arabaglanyşyklylyk häsiýeti. Okatmakda we bilim bermekde türkmen halkynyň milli mede- ni ýetiniň ruhy gymmatlyklarynyň göz öňünde tutulmak häsiýeti.Şol millilik çagalara berilýän bilimde we terbiýede öz beýanyny tapma- lydyr. 5. Bilim dünýewilik häsiýetde bolmalydyr. Döwletimizde bilim berýän edaralarda hakyky ylmy maglumatlar öwredilýär. Olara berilýän bilim döwrebap bolmalydyr. 6. Döwletimiziň bilim berýän edaralary jemgyýetçilik, dini gura- malara garaşsyzdyr . 7. Berilýän bilimi ylym we önümçilik bilen baglanyşdyrmak hä- siýeti. Şeýle-de beýleki ýurtlaryň bilim ulgamynyň gowy tarap laryny nazarda almaklygy göz öňüne tutýar. Bilim ulgamynyň bu häsiýe ti täze Galkynyş döwründe ýurdumyzyň ýöredýän içki we daşky syýasa- tyny ylmy esasda dogry düşündirmegi, bilimiň mazmunyny mysallar esasynda dogruçyllyk bilen düşündirmegi göz öňünde tutýar. 8. Bilim ulgamy yzygider basgançaklar boýunça biri-biri bilen baglanyşykly düzülendir. 20 i bap Mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary ýurdumyzyň bilim ulga- mynyň ilkinji basgançagydyr. Mekdep ýaşyna ýetmedik körpeje ça- galar daş-töwerek baradaky ilkinji düşünjeleri, edep-terbiýäni mekde- be çenli ýaşly çagalar edaralarynda alýarlar hem-de mekdep okuwyna taýýarlanýarlar. Mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary özüniň ähli ter biýeçilik we bilim beriş işlerini döwlet maksatmamasy esasynda alyp barýar. Olara ýörite bilimi bolan terbiýeçiler ilkinji bilimleri we edep-düzgünleri ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda öwredýärler. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda ýurdumyzyň körpe nesli baradaky alada uly depgin bilen ösdi we ösüşini dowam etdirýär. Döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze bina edilýän mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň içki otaglarynyň täze, dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy muňa aýdyň mysal bolup bilýär. Bu bolsa çagalaryň tebigy ukyplaryny ýüze çykaryp, zehinli şahsyýetleriň döremegine getirýär. Körpeler çagalar bagynda ýaş aýratynlyklaryna görä, 3 ýaşa çenli çagalar bakja toparynda, 3 ýaşdan 4 ýaş aralygyndaky çagalar kiçi toparda, 4-5 ýaşdaky çagalar orta toparda, 5-6 ýaşdaky çagalar uly toparda, 6-7 ýaşdaky çagalar mekdebe taýýarla ýyş toparynda ter- biýelenýärler. Ýurdumyzda zehinli çagalar üçin ýörite çagalar edaral- ary hem bardyr. Download 0.56 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling