17
Pedagogikanyň umumy esaslary
laýyk guralmalydyr. Çagany terbiýelemekde onda hakyky watançylyk
duýgularyny oýarmak terbiýeçiniň esasy wezipesi bolup durýar.
Çagalar hemmetaraplaýyn terbiýelenmelidir, sebäbi olar akyl, ahlak
taýdan ösýärler hem-de kämilleşýärler, gözellik düşünjelerine eýe
bolup, berk bedenli şahsyýetler bolup ýetişýärler.
Pedagogika ylmy ösüp gelýän ýaşlary okatmagyň we terbiýe-
lemegiň ylmy esaslaryny döwrebap öwredýän ylymdyr. Çaga beril-
ýän terbiýe köptaraplaýyn bolmalydyr (beden taýdan berk, sagdyn we
ş.m.)
Häzirki wagtda pedagogika ylmynyň öňde goýýan
esasy mak-
sady ýurdumyzyň Garaşşyzlygynyň mazmunyna gowy düşünýän,
ony gorap saklaýan, Watanyň ösmegine, özgermegine öz goşandyny
goşýan, edepli-ekramly, sowatly, bilimli, Türkmenistan Watanyny
jany-teni bilen söýýän ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekdir.
ΧΧI asyrda ýaşajak ýaşlar ylymly-bilimli, jemgyýetiniň ösüşine
dogry baha berip bilýän döwrebap adamlar bolmalydyr.
Do'stlaringiz bilan baham: