Aşgabat “Ylym” neşirýaty


Pedagogik pikiriň ösüş taryhy


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet10/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   ...   6   7   8   9   10   11   12   13   ...   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

5. Pedagogik pikiriň ösüş taryhy
Terbiýe öz gözbaşyny adamzat jemgyýeti dörän döwründen alyp 
gaýdýar. Türkmenistanyň çäklerinden tapylan taryhy ýazuw ýadygär-
likleri, ata-babalarymyzyň galdyran medeni miraslary muňa aýdyň 
şaýatlyk edýär. Adamzat ýaşamak üçin zerur bolan zatlaryň hem-
mesini özünde toplaýar. Şol zerurlyklaryň biri hem tälim-terbiýe bo-
lup durýar. Geç mişde bolup geçen taryhy wakalar, ykdysady, syýasy 
ýagdaýlar, halklaryň arasyndaky aragatnaşyklar tälim-terbiýäniň ös-
megine, kä mil leşmegine täsir edipdir. 
Biziň geçmişde ýaşap geçen ata-babalarymyzyň baý taryhy mira-
sy bardyr. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda taryhy 
ýady gärliklerimizi, dünýä belli akyldarlarymyzy öwrenmek hem-de 
olary ýüze çykarmak boýunça halkara derejesinde ylmy maslahat-


21
Pedagogikanyň umumy esaslary
lar, gazuw- agtaryş işleri geçirilýär. Ol tapylan ýadygärlikleriň köpüsi 
türkmen halkynyň geçmişde ylmyň, sungatyň dürli ugurlary bilen 
meşgul bolan dygyny subut edýär. Türkmen halkynyň baý, beýleki 
halkla ryň ka meňzemeýän halk döredijiligi bolup, olaryň hemmes-
inde-de çaga terbiýesine uly üns berlipdir. Dünýä belli akyldarlaryň 
ylym äleminde öçmejek at galdyrmaklary şol döwürdäki terbiýä, 
ylmyň dürli ugurla ryna uly ähmiýet berendigine taryhy çeşmelerden 
göz ýetirmek müm kindir. 
Türkmen halky çaga terbiýesine örän uly ähmiýet beripdir. Türk-
men adamsy diňe öz ýaşan döwri üçin däl-de, özüniň dowamatyny, 
atly-abraýly, ilhalar, döwrebap zähmetsöýer, bilimli, hü närli ýaşlary 
ösdürip ýetişdirmeklige aýratyn ähmiýet berýär. Şo nuň üçin terbiýe 
bermek, bilim, hünär öwretmek gadymy döwürlerden bä ri dowam 
edip gelipdir. 
Terbiýäniň gadymylygyny taryhy-ýazuw ýadygärlikleriň, ata-ba-
ba la rymyzyň bize galdyran medeni-ruhy gymmatlyklarynyň üsti bi-
len görmek bolar. Bular ukyply, zehinli, hemmetaraplaýyn ösen şah-
syýeti kemala getirmekde uly hyzmaty ýerine ýetiripdirler. 
B.e. öň III-II müňýyllyklaryň başlarynda Altyndepede 10 müňe 
golaý ilat ýaşapdyr. Ilatyň aglaba bölegi söwda, senetçilik bilen meşgul 
bolupdyr. Ol ýerde uly ybadathana bolupdyr. Hatyň, ýazuwyň ýüze 
çykmagy adamlaryň sowatlylyk derejesini görkezipdir. Ýedi müň ýyl 
mundan ozal Änewiň töwereginde ak bugdaýyň ekilendigi baradaky 
maglumaty amerikan arheologlary öz işlerinde belläpdirler. 
Aşgabadyň golaýynda ýerleşen Parfiýa döwletiniň merkezi bo-
lan Nusaýdan hem-de beýleki ýerlerden tapylan taryhy-arheologik 
tapyndylaryň üsti bilen b.e.öňki müňýyllyklarda ata-babalarymyzyň 
nämeler bilen meşgul bolandyklary, nesillere nämeleri öwredendikleri, 
ylym-bilimiň, tälim-terbiýäniň nähili bolandygy barada pikir ýöret-
meklige mümkinçilik berýär. 
Taryhçy alym Marat Durdyýewiň iki müňden gowrak golýazmasy 
tapyldy we öwrenildi. Gymmatly materiallardan we beýleki zatlardan 
ýasalan önümler soňky ýyllarda gazuw-agtaryş işleriniň geçirilmegi 
bilen derňelýär. 
Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanynda Hormatly 
Prezidentimiziň başda durmagynda türkmeniň milli medeni, taryhy 


22
i bap
gymmatlyklaryny täzeden öwrenmeklige girişildi. Gazuw-agtaryş 
işle riniň üsti bilen, täze-täze tapyndylar özüniň gizlin syrlaryny açdy. 
IX-XII asyrlarda Gündogar halklarynyň arasynda pedagogik pi-
kir güýçli ösüpdir. Ony XI asyrda ýazylan “Kowusnama” eserinden 
bilmek bolýar. Bu eser ýörite terbiýe meselesine bagyşlanylyp ýazy-
landyr. Ony Hazar deňziniň günorta kenarynda ýaşap geçen Keý-Ko-
wus öz ogly Gilanşaha sargyt we öwütnama hökmünde ýazypdyr. 
Kitap 44 bölümden ybarat, bu eser ahlak, akyl, zähmet terbiýesini 
bermekde uly hyzmaty ýerine ýetirýär. 
“Gorkut ata“ eseriniň terbiýe berijilik ähmiýeti uludyr. Bu eser 
watançylyk terbiýesini bermekde okuw gollanmasy bolup durýar.
“Oguznama“ ýaşlary ahlak taýdan watançylyk ruhunda terbiýele-
mekde ähmiýeti uly eserleriň biridir. 
“Görogly“ eposy türkmeniň iň gymmatly, milli däplere eýerýän, 
terbiýe berijilik ähmiýeti uly eser hökmünde bellidir.

Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   6   7   8   9   10   11   12   13   ...   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling