Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Anadolyda türkmen beglikleriniň döwri


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet101/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   97   98   99   100   101   102   103   104   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Anadolyda türkmen beglikleriniň döwri 
XIII asyrdan başlap Anadolyda mongollaryň täsiri 
azalmaga başlady we bu ýagdaýdan peýdalanan türkmen begleri 
ýuwaş-ýuwaşdan Seljuklylar bilen gatnaşyklaryny kesip 
garaşsyzlyklaryny 
yglan 
etmäge 
başladylar. 
Anadoly 
Seljuklylarynyň häkimiýetindäki topraklarda gurulan bu 
begliklere Anadoly beglikleri (tawaif-i mülük) diýlipdir. 
Bularyň köpüsi Wizantiýa imparatorluguna ýakyn serhetlerde 
we kenarýaka sebitlerinde gurlupdylar. Seljukly-mongol 
täsiriniň has güýçli görünýän ýerleri bolan Anadolynyň 
ortalarynda bolsa beglikleriň sany gaty azdyr. 
Anadoluda gurlan beglikleriň arasynda iň güýçlüsi 
merkezi Ermenek bolan Garamanogullary begligidir (1256-
1483). Garamanogullary 1277-nji ýylda Konýa girdiler we bu 
begligiň baştutatny Mehmet beg begligiň serhetlerinde türkmen 
dilinden başga bir diliň ulanylmazlygyny emir berdi. Türkmen 
diliniň resmi taýdan döwletin dili diýlip yglan edilmegi 
Anadolydaky türkmenleriň milli ruhlarynyň örän güýçlidigini 
görkezýän möhüm faktordyr. Garamanogullary Anadoluda 
üstünligini gurmak isleýän Osmanlylar bilen hem söweşdiler. 
Wagtal-wagtal Osmanlylara garşy Wenesiya, Papalyk we 
Akgoýunlylar bilen soýuzdaş boldylar, ýöne Osmanly-
Garamanogullary göreşi Osmanlylaryň ýeňşi bilen tamamlandy. 
Mongol çozuşlarynyň öňünden gaçan türkmenler 
Anadolynyň günbatarynda Ladik (Denizli), Honaz we Dalaman 
sebitinde Ladik ýa-da Ynançogullary begligini (1261-1368) 
gurdular. Bu sebite gelenleriň başyndaky Mehmet beg Soltan 


272 
Izzedin Keýkawus II garşy gozgalaň turuzdy we Ladik begligini 
gurdy. 
Karahisar (Afýon), Kütahýa, Sandykly, Akşäher we 
Beýşäheri içine alan sebitde Seljukly weziri Sahip Ata 
Fahreddin Alynyň ogullary we agtyklary tarapyndan gurlan kiçi 
beglik bolsa Sahip Ataogullary adyny göterýärdi (takmynan 
1275-1341).
Anadolynyň günbatarynda Milas, Mugla we töwereginde 
gurlan başga bir türkmen begligi bolsa Menteşeogullary 
begligidir (takmynan 1280-1424). Bu begligi o sebtite deňiz 
yoly bilen gelen türkmenler gurupdyrlar. Bu sebit Anadoly 
Seljukly hökümdarlary tarapyndan begligiň gurujysy Menteşe 
begiň atalaryna ykta edilip berlipdi. Menteşeogullary özleriniň 
gämileri bilen Ortaýer deňzinde haçly gämilerine garşy hereket 
edipdirler. Olar Rodosy hem eýelemek isläpdirler, ýöne 
Wenesiyalylar we Kipr korollygy olara rugsat bermäňdir. 
Menteşeogullary begligi 1402-nji ýylda Osmanly şazadalrynyň 
arasyndaky tagt ugrundaky göreşe hem gatnaşypdyrlar. 
Anadolynyň günbataryndaky begliklerden biri hem 
Karasi 
ogullary 
begligidir. 
Anadolu 
Seljuklylary 
Danyşmendileri ýok edende Danyşmendi maşgalasyna degişli 
käbir begler Wizantiýa serhetlerinde beg hökmünde hyzmat 
beripdirler. Bu maşgaladan Kalem beg we ogly Karasi beg 
Wizantiýa şäherlerini eyelemek üçin herekete geçdiler we 
merkezi Balykesir bolan Karasi begligini gurdular (takmynan 
1297-1360). 
Kütahýa we töwereginde höküm süren başga bir türkmen 
begligi bolsa Germiýanogullarydyr. XIII asyryň birinji 
ýarymynda Malatýa töwereklerinde ýaşaýan Germiýan boýy, 
mongollaryň täsiri ýüzünden bolsa gerek 1262-1263-nji ýyllarda 
günbatara göçüpdirler. Germiýanogullary begligini (1300-1429) 
Kerimüddin Alyşiriň ogly Ýakup beg I gurupdyr. Onuň 


273 
edarasyndaky 
Germiýanogullary 
Anadoly 
beglikleriniň 
arasynda iň güýçlilerinden biri bolupdyr we XIV asyrda iň ösen 
döwrüni ýaşapdyrlar. 
XIII asyryň ikinji ýarymynda Beýşäher we Seýdişäher 
töwereklerinde gurlan türkmen begligi Eşrefogullarydyr. 
Begligiň gurujysy Eşrefogly Süleýman begden soňra ýerine 
geçen Mübarizüddin Mehmet beg topraklaryny demirgazyga 
tarap ulaldan hem bolsa mongol häkimi Timurtaş Eşrefogullary 
begligini ýykypdyr (1326). 
Anadolynyň günbatarynda merkezi Manisa bolan 
türkmen begligi Saryhanogullarydyr. Saryhanogullary Osmanly 
döwleti tarapyndan ýykylypdyr. 
Günbatar Anadoluda gurlan güýçli beglikleriň biri hem 
Aýdynogullary begligidir (1308-1426). Bu beglik Ortaýer 
deňzinde harby ýörişler gurnap uly üstünlikler gazanypdyr. 
Aýdynogullary begliginde Umur begiň zamanasy iň ösen döwri 
bolupdyr. Umur begden soňra beglik çökmäge başlapdyr. 
Ankara söweşinden (1402) soňra Jüňeýit beg begligi 
güýçlendirjek bolsa-da Osmanlylar bu begligi ýykypdyrlar. 
Anadolynyň günorta kenarýakalarynda bolsa Alaiýe 
begligi (1293-1471) höküm sürýärdi. Alaiye (Alanýa) şäheri 
Anadoly Seljuklylarynyň soňky ýyllarynda Garamanogullary 
tarapyndan eýelenipdir (1293) we mundan soňra bu sebite 
Garamanogullaryna bagly begler höküm edipdir. Syýasy taýdan 
känbir ähmiýeti bolmaýan Alaiýe begligi has soňralary 
memlükleriň häkimiýeti astyna giripdir. Söwda-ykdysady 
taýdan ähmiýetli bolan Alaiýe şäheri wagtal-wagtal Kipr 
korollygy tarapyndan hüjüm edilipdir. 
Türkmenleriň liderlerinden Feleküddin Dündar beg 
Ysparta, Egridir we töwereginde Hamidogullary begligini 
gurupdyr (takmynan 1301-1423). Ilhanlylaryň Anadolydaky 
häkimi Timurtaş Hamidogullarynyň topraklaryny eyelän hem 


274 
bolsa, onuň Müsüre gaçmagy bilen beglik täzeden janlanypdyr 
we Eşrefogullarynyň topraklarynyň bir bölegini eýeläp 
güýçlenipdir. 
Yöne 
soňra 
Hamidogullarynyň 
Egridir 
topraklaryny 
Osmanlylar 
bilen 
Garamanlylar 
özara 
paýlaşypdyrlar. Dündar beg Antalýany eýeläninden soňra bu 
şäheri 
inisi 
Ýunus 
bege 
beripdir 
we 
şeýlelikde 
Hamidogullarynyň Antalýa bölümçesi (ýa-da Tekeogullary) 
peýda bolupdyr. Tekeogullary Antalýany basyp almak isleýän 
we hat-da wagtlaýyn bu şäheri eýelemgi başaran Kipr 
Korollygyna garşy üstünlikli göreş alyp barypdyr. 
Dulkadyrogullary begligi (1339-1521) bolsa Maraş we 
Elbistan sebitinde höküm sürüpdir. Anadolynyň günortasyndaky 
Adana sebitinde höküm süren beglik bolsa Remezanogullary 
begligidir (1352-1608). Bu beglikleriň ikisi hem syýasy taýdan 
ilki memlüklere, soňra bolsa Osmanly türkmen döwletine bagly 
bolupdyrlar. Bu beglikleriň ikisi hem Osmanly döwleti 
tarapyndan ýykylypdyr. 
Anadolynyň ortasynda gurlan bir başga beglik bolsa 
Eretnaogullarydyr (1335-1381). Begligiň gurujysy Eretnanyň 
asly uýgur bolup, onuň ogly Mehmet begiň döwründe begligiň 
dolandyrylyşynda emirler rol oýnamaga başlapdyrlar. Munyň 
netijesinde bu begligiň öňde gelenlerinden Kady Burhaneddin 
Eretna begligini ýykyp öz döwletini gurupdyr (1381-1398). Ol 
öz 
hökümdarlygynda 
töweregindäki 
Jandarogullary, 
Garamanogullary, Tajeddinogullary we Osmanlylara garşy 
göreş alyp barypdyr. Kady Burhaneddiniň döwleti gurujysynyň 
ölüminden soňra derrew çöküpdir. 
Anadolynyň demirgazygynda Garadeňiz sebitinde 
görülen ilkinji beglik Çopanogullary begligidir (takmynan 
1227-1309). Bu beglik Oguzlaryň gaýy boýuna degişli 
Hüsamettin Çopan tarapyndan gurlupdyr. Bu beglik soňra öz 


275 
ýerini Jandarogullaryna (1292-1462) beripdir. Jandarogullary 
begligi Isfendiyarogullary ady bilen hem bilinýändir. 
Garadeňiz sebitinde höküm süren bir başga beglik bolsa 
Perwanaogullary begligidir (1277-1322). Perwana Muünüddin 
Süleýmanyň öldürilmeginden soňra ogly Mehmet Sinopda 
Perwana ogullary ady bilen garaşsyz bir beglik gurupdyr. Bu 
beglik soňra Bafra we Sinoby eýeläpdir, şeýle hem Krym 
kenarýakalryna ýörişler gurnapdyr we Garadeňizde Jenewizliler 
bilen söweşipdir.
Garadeňiziň kenarýakasynda bu günki Bafra bilen Ordu 
arasynda gurlan türkmen begliginiň ady Tajeddinogullaydyr 
(takmynan 1348-1428). 
Ilhanlylaryň Anadolydaky häkimi Çopan we ogly 
Timurtaş Anadolynyn hemme ýerinde höküm sürmek maksady 
bilen bu beglikleri ýykmak isläpdirler we doly däl hem bolsa 
üstünlik gazanypdyrlar. Emir Çopanyň 1327-nji ýylda Ilhanly 
hökümdary Abu Said Bahadyr han tarapyndan öldürülmesinden 
soňra Timurtaş memlükleriň ýanyna gaçypdyr. Beglikler üçin 
asyl howp Osmanly döwletiniň kämilleşmesi we osmanlylaryň 
Anadolyda syýasy bütünligi gurmak üçin herekete geçmegi 
bilen başlapdyr. Esasanam Ýyldyrym Bayezidiň döwründe 
(1389-1402) Garaman, Hamit, Menteşe, Aýdyn, Saryhan we 
Jandarogullary beglikleri ýykylypdyr. Teýmirleňiň Ankara 
söweşinde Ýyldyrym Baýezidi ýeňlişe sezewar etmegi bilen bu 
beglikler täzeden janlanan hem bolsalar, Osmanly döwletiniň 
gitdigiçe güýçlenmegi Anadolydaky beglikleriň ömürlerini 
gysgaldypdyr. Netijede in soňunda Osmanly döwleti bu 
beglikleri ýykyp, Anadoluda syýasy birligi gurmagy 
başarypdyrlar.

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   97   98   99   100   101   102   103   104   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling