Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet11/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

tir ahyrdakylardan (bu ýerde «kapyýa» göz öňünde tutulýar.Ýöne 
Farabynyň bu eserini ýazan wagtynda bu adalga edebiýatda hä-
zirki manysynda ulanylman, «şygyr» diýen manyny aňladýardy) 
haýsysynyň şol dilde üýtgewsiz bolup, haýsy biriniň üýtgeýändigi-
ni öwrenýär. Şeýle hem ölçegleriň doludygyna, artykdygyna ýa-da 
kemdigine garalýar. Setir ahyrlarynyň (kapyýalaryň) bütin şygryň do-
wamynda üýtgewsiz saklanýan bir sesden ybarat bolşy, käbirleriniň 
kasydanyň (şygryň) ähli ýerinde birnäçe sesden ybarat bolup gelşi we 
şol setir ahyrlarynyň (kapyýalaryň) iň köp näçe sesden we bogun-
dan hasyl edilişi şu bölümiň ünsi çekýän kanunlarydyr (Kapyýa arap 
şygrynda beýtleriň soňunda goşgynyň ahyryna çenli üýtgewsiz gaýta-
lanýan şol bir ses hökmünde teswirlenýär. Bu kapyýanyň bir sesden 
ýa-da bogundan ybaratdygyny görkezse-de, aslynda ol özbaşyna ka-
pyýa bolup bilmän, muny öňünden gelen sesler ýa bogunlar bilen bile 
hasyl edýär).
Şundan soň birnäçe sesden ybarat bolan kapyýadaky käbir 
sesleriň ornuny sözleýişde başga bir sesiň tutup biljegini ýa bilmeje-
gini, eger ýerini tutup biljek bolsa, olaryň aýdylyş uzynlygy tarapdan 
deňölçegli bolmalydygyna seredilýär.
Üçünji bölüm bolsa şygyrlarda ulanylýan we şygyr bolmadyk 
adaty ýazgylarda ulanylýan sözleri aýry-aýrylykda öwrenýär.
Dil bilimini ýokardaky bölümleriň her birinde agzalan kanunlar 
düzýär. (Faraby, Ihsaül-ulum (Ilimlerin sayimi, Istanbul 1990, 57-66 
sah.).
Ýewropada Aliborna ady bilen meşhur bolan belli alym Abu 
Reýhan al-Biruni (937–1048) berilýän maglumatlara görä, bir ýüz 
elliden gowrak ylmy iş ýazypdyr. Ol işler matematika, himiýa, astro-
nomiýa, geografiýa, edebiýata, dil bilimine we başga ugurlara degişli 
bolup, dünýäniň ylym hazynasynyň dürdäneleri hasaplanylýar.
Abu Reýhan Biruniniň dil boýunça garaýyşlary onuň «Seýda-
na» (Farmasewtika) atly işinde berilýär. Bu iş ösümlikler, haýwanlar, 
magdanlar, däri-dermanlar hakynda bolup, onda olaryň birnäçe dil-


25
däki atlary bellenilipdir. Beýik alym maddalaryň birnäçe dilde nähili 
atlandyrylyşyna üns bermek bilen, predmet hem-de onuň adynyň my-
nasybeti baradaky gadymy döwürden bäri dowam edip gelýän ling-
wistik garaýyşlary öwrenipdir.
Al-Biruniniň işi ýigrimi dokuz baba bölünip, olardaky bir müň 
bir ýüz on alty sany makalada zatlaryň adyna düşündiriş berilýär. Her 
bir bap aýratyn harp bilen başlanýar. «Seýdana» kitabyna arap, grek, 
pars, türki we beýleki dillerden alnan ösümlik, haýwan, däri-derman 
atlaryny aňladýan dört müň bäş ýüzden gowrak söz ýygnalypdyr. Diý-
mek, «Seýdana» kitabyny däri-dermanlaryň atlarynyň düşündirişli 
sözlügi hökmünde-de peýdalanmak bolar. Alym kitabyndaky däri-
-dermanlaryň adyny arap elipbiýiniň tertibinde ýerleşdiripdir. Bir harp 
bilen başlanýan birnäçe söz bar bolsa, olaryň ikinji, üçünji harplary 
göz öňünde tutulypdyr. Bu kitaby şol bir wagtda düşündirişli, terjime, 
etimologik, dialektologik sözlük hökmünde görkezmek bolar.
Ýewropada Awisenna ady bilen meşhurlyk gazanan, Gündo-
garda «Şeýh-u-rais» (Ýolbaşçylaryň ýolbaşçysy) diýlip tanalýan 
watandaşymyz Abu Aly ibn Sinanyň (970–1037) ylmyň dürli ugur-
larynda gazanan ajaýyp üstünlikleri bütin dünýäde ykrar edilendir. 
Beýik alym dil bilimi hakynda hem birnäçe eserleri miras goýupdyr.
Ibn Sinanyň «Kitabi al milh fin nahw» (Sintaksis kitaby), «Kitab 
lisanul arab» (Arap dili kitaby), «Asbabi hudut al huruf» (Sesleriň 
aýdylyşynyň sebäpleri) ýaly dil bilimi bilen baglanyşykly işleri 
bardyr.
«Asbabi hudut al huruf» (Sesleriň aýdylyşynyň sebäpleri) atly 
kitaby girişden hem-de alty bapdan ybarat. Işde sesleriň, sözleýiş 
sesleriniň emele gelşi, bokurdagyň we diliň anatomiýasy, arap dilinde 
sesleriň emele gelşiniň aýratynlyklary, beýleki sesleriň sözleýiş sesle-
rinden tapawudy barada giňişleýin pikir ýöredilýär. Ibn Sina: «Sesleriň 
hasyl bolmagynda howanyň tolkun görnüşinde hereket etmegi esasy 
ähmiýete eýe bolýar» diýip belläpdir. Ol artikulýasiýanyň ornundan 
howanyň gysylyp geçmeginiň netijesinde sözleýiş sesleriniň emele 
gelýändigi baradaky pikiri öňe sürüpdir.
Ibn Sina fiziki sesler bilen sözleýiş seslerini biri-birinden ta-
pawutlandyrypdyr. Fiziki sesleri «sawt», sözleýiş seslerini hem «harf» 
adalgalary arkaly belläpdir. Olaryň ikisiniň-de howanyň hereketi ar-


26
kaly emele gelýändigini, ýöne sözleýiş sesleriniň gep agzalary arkaly 
döreýändigini beýan edipdir. Alym sözleýiş seslerini çekimli we çe-
kimsiz seslere bölýär. Çekimlileriň sanyny üç, çekimsizleriň sanyny 
ýigrimi sekiz hasaplaýar hem-de çekimsizler barada has giňişleýin 
durup geçýär.
Ibn Sinanyň fonetika boýunça öňe süren pikirleri onuň dünýä dil 
bilimine goşan uly goşandydyr. 
Diliň emele gelşi barada hem orta asyr alymlarynyň köpüsi öz 
pikirlerini aýdypdyrlar. Olar bu meselede birtopar täze pikirleri öňe 
sürüpdirler. Diliň gelip çykyşy barada şol döwrüň görnükli alymy 

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling