Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet12/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   8   9   10   11   12   13   14   15   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Nasyr Hysrowynyň şu sözlerini hem ýatlap geçmek gerek: «Seniň 
sygyrdan we eşekden artykmaçlygyň paýhas bilen dildedir, paýhas 
bilen dil bolsa, Hudaýyň peşgeşinden başga zat däldir». 
Görşümiz ýaly, türki dil bilimi irki orta asyrlarda hem ösüşiň ýo-
kary derejesinde bolupdyr. Bu babatda türkmen dil biliminiň goşandy 
ägirt uludyr. Türki dillere girýän dilleriň her birinde dil bilimi bara-
daky öňe sürülýän garaýyşlary öwrenmek hususy dil biliminiň wezi-
pesidir.
Soraglar we ýumuşlar:
1.Türki dil biliminiň meşhur wekilleri kimler we olaryň dil baradaky 
garaýyşlary?
2. Türki dil biliminde öňe sürülýän esasy meseleler.
3. Mahmyt Kaşgarlynyň türkmen diliniň taryhyny öwrenmekdäki 
hyzmaty.
4. Abu Nasy al Farabynyň «Ylymlaryň bölünişi» atly kitabynyň «Dil 
bilimi hakynda» bölüminiň dil biliminiň taryhy öwrenmekdäki ähmiýeti.
Hödürlenilýän edebiýatlar:
1. Амирова Т.А, Олховиков Б.А, Рождественский Ю.Б. История 
языкознани, М., 2007.
2. Annanurow A, Dil biliminiň käbir meseleleri, Aşgabat, 1965.
3. Даниленко В.П. Общее языкознание и история языкознания. М., 
2009.


27
 Arap dil bilimi
Orta asyr musulman siwilizasiýasynyň çeşmelerini öwrenmek 
Gündogaryň musulmanlarynyň medeni ösüşleri hem-de ruhy gym-
matlyklary hakynda baý maglumat berýär, şeýle hem, olaryň dünýä 
siwilizasiýasyndaky ornuny, ähmiýetini kesgitlemekde möhüm çelgi 
bolup durýar.
Bize mälim bolşy ýaly, ylym ilkibaşda bütewülikde emele gelip 
başlaýar. Mysal üçin, filosofiýa, many jähtden özüne golaý bolan bir-
topar ylymlary birleşdiripdir. Filosofiýanyň emele gelmegini ylmyň 
bellibir ulgamlara salynmagyna dörän islegiň ilkibaşky alamaty diýip 
düşünip bolar. Orta asyrlarda ylymlary bölümlere bölmekde ylahyýet, 
mantyk (logika), grammatika aýratyn ähmiýete eýe bolupdyr.
Arap ylmynyň ösüşiniň birinji döwründe (VII–VIII a.) ylmyň 
merkezi Yrakdaky Kufa we Basra şäherleri bolupdyr. Ol ýerde arap 
dili hem-de onuň grammatikasy çuňňur öwrenilipdir, munuň esasy se-
bäbi arap diliniň döwlet dili, şeýle-de yslam dininiň dili bolmagydyr. 
Arap ylmynyň ikinji döwri Halyflygyň Bagdat şäherine geçirilmegin-
den soň, ýagny VIII asyryň ahyrlaryndan başlanýar. Şol döwürlerde 
Bagdat şäheri arap ylmynyň merkezine öwrülipdir. Ilkinji nobatda bu 
ýere gadymy döwrüň gündogar golýazmalary ýygnalypdyr hem-de 
olar arap diline terjime edilipdir. Terjime işleri 830-njy ýylda Bagdat-
da «Dar-el-Hikmäniň» (Parasat öýüniň) esaslandyrylmagyndan soň 
has-da giň gerime eýe bolupdyr.
IX–X asyrlarda Bagdat we arap medeniýetiniň beýleki merkezleri 
özbaşdak ylmy-döredijilik ojaklaryna öwrülipdir. Arap medeniýetiniň 
bu döwürdäki meşhur wekillerine at-Tabari, al-Masudi, Ibn Fadlan 
we beýlekiler degişlidir. X asyryň ahyrynda Basra şäherinde döre-
dilen «Ihwan as-safa» (Päk doganlyk) diýlip atlandyrylýan alymlar 
topary öz döwrüniň ähli ylymlaryny jemläp, ensiklopediýa ýazypdyr-
lar. Arap ylmynyň ösüşiniň üçünji döwri hakynda gürrüň edilende, 
onuň XI–XV asyrlary öz içine alýandygyny belläp geçmek gerek. Bu 
döwürde arap ylmynyň täze merkezleri Halapda, Damaskda (Si-

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   8   9   10   11   12   13   14   15   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling