Umumy dil bilimi
riýa), Kairde (Müsür), Granadada (Andalusiýada) we Sewilýada
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Alydygyny
riýa), Kairde (Müsür), Granadada (Andalusiýada) we Sewilýada
döräpdir. Arap dil biliminiň kemala gelmeginde we örän gysga döwrüň 28 içinde ösüşiň ýokary derejesine ýetmeginde arap halkynyň çalt ösme- gine getiren taryhy şertler uly ähmiýete eýe bolupdyr. 632-nji ýylda harby – dini döwlet Arap halyflygy esaslandyrylypdyr. Onuň çäkle- ri adatdan daşary çaltlyk bilen giňelip, öz düzümine Ýakyn we Orta Gündogary, Hindistanyň köp bölegini, Kawkazy, Demirgazyk Afri- kany, Ispaniýany birleşdiripdir. Yslam dini bilen bilelikde arap dili hem giňden ýaýrapdyr. Ol diniň, döwleti dolandyrmagyň, magaryfyň hem-de ylmyň diline öwrülipdir. Orta asyrlarda latyn dili Günbatar Ýewropada nähili ähmiýete eýe bolan bolsa, Halyflyk döwründe arap diliniň ähmiýeti hem şol derejä ýetipdir. Şol döwrüň arap dünýäsinde tebigy hem-de ynsanperwer ylym- lar ösüşiň ýokary derejesini başdan geçiripdir. Dil bilimi bilen meşgullanmak, esasan hem, arap dili bilen meşgullanmak hormatly kär hasaplanylýar, hatda halyflygyň hökümdarlary-da dil biliminden daşda durmandyrlar. Arap diliniň ilkinji grammatikasyny döredijiniň 656–661-nji ýylda hökümdarlyk eden halyf Alydygyny taryhy mag- lumatlar tassyklaýar. Görnükli arap alymy Ibn Hallikanyň ýazma- gyna görä, bir gün orta asyr arap dilçisi Abdulaswad halyf Alynyň ýanyna baranda onuň çuňňur oýa batyp oturandygyny görüpdir. Ol hökümdardan munuň sebäbini soranda, ol: «Biziň şäherimizde sözleýiş medeniýetiniň kadalary dogry ýerine ýetirilmeýär, şonuň üçin hem arap diliniň grammatiki düzgünleri hakynda kitap ýazasym gelýär» diýip jo- gap beripdir. Şondan birnäçe gün geçenden soňra Halyf Abdulaswada bir depder berýär, onda söz toparlarynyň atlara, işliklere hem-de ow- nuk böleklere bölünendigi bellenilip geçilýär. Şol söz toparlarynyň her haýsynyň häsiýetli aýratynlyklary aýdyň düşündirilipdir. Allatagala tarapyndan Gurhanyň arap dilinde inderilmegi bu dile bolan garaýşa uly täsir edipdir. Arap diliniň arassalygyny saklamaklyga döwletiň esasy meselesi hökmünde garalypdyr. Araplaryň öz ene dil- lerine bolan buýsanjy olaryň birtopar atalar sözlerinde şöhlelenmesini tapypdyr: «Rimlileriň paýhasy olaryň beýnilerinde, hindileriňki – olaryň hyýalbentliginde, grekleriňki – olaryň duýgusynda, araplaryňky bolsa olaryň dilinde», «Ynsanyň piri Adamata, parslaryňky Selman pir, hebeşileriňki – Bilal, guşlaryňky – bürgüt, ösümlikleriňki – lotos, aýlaryňky – remezan, günleriňki anna güni, dilleriň piri arap dilidir». Dile bolan şeýle derejedäki söýgi arap dil biliminiň ösmeginde iňňän uly ähmiýete eýe bolan hadysalaryň biridir. 29 Biz şu ýerde bir zada üns bermeli: orta asyrlaryň dil bilimi araplaryňkydan tapawutlylykda Ýewropada nähilidi? Umumy taryh- dan bilşimiz ýaly, orta asyrlarda Ýewropada katolik buthanasy höküm sürüpdir. Katolik buthanasy ylmyň ösmegine bellibir derejede zyýan berip, onuň ösmegini bökdäpdir. Erkin pikirli birtopar alymlar otda ýakylyp öldürilipdir. Arap ýazuwy yslam dini kabul edilmezinden öň emele gelip- dir. Ol sagdan çepe ýazylyp, günbatar semit ýazuwynyň düzgünleri- ne esaslanypdyr. Arap ýazuwynyň kökünde nabateý (b.e.öň IV-b.e I asyrlary) , arameý ýazuwlary durýar. Nabateý ýazuwyny Sinaý ýarym adasyndaky we Demirgazyk Arabystandaky ýaşan arap dilli halklar VI asyra çenli ulanypdyrlar. Araplaryň öz hususy ýazuwlary VI asyrda Lahmid welaýatynyň Hira şäherinde döredilipdir. Ol VII asyryň orta- laryndan Gurhanyň ilkinji ýazmaça nusgasyndan öz ösüşine başlapdyr. VII asyryň ikinji ýarymyndan başlap, goşmaça astyn, üstün belgileri, uzyn hem-de gysga çekimlileri aňlatmak üçin belgiler, çekimsizle- ri goşalandyryp aýtmak üçin belgiler girizilýär. Orta asyrlarda arap ýazuwynyň köp sanly musulman halklarynda ulanylyp, başlanmagy täze grafiki ulgamyň emele gelmegine getiripdir. Öňki SSSR-iň bir- topar respublikalarynda-da tä XX asyryň 20-nji ýyllaryna çenli arap ýazuwyndan peýdalanylypdyr. Arap diliniň ilkinji grammatikasynyň Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling