Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Ysmaýyl Jöwheriniň
- Ybraýym Farabydan
- Ibn Muklanyň
Farahidi belläp geçmek bolar. Onuň doglan ýylyny 718-nji ýyl töwe-
regi hasaplaýarlar. Ol bütin ömrüni ylma bagyş edipdir, 791-nji ýylda metjidiň gümmezinden ýykylyp aradan çykypdyr. Onuň dürli ylym- lar baradaky eden köpsanly işlerine garamazdan, döreden arap metrik ulgamy häzirki döwre çenli örän uly abraýdan peýdalanýar. Şunuň bilen bir wagtda Halyl «Aýna kitaby» diýlip atlandyrylýan ilkinji arap sözlügini hem düzüpdir. Onuň sözlügindäki sözler arap elipbiýiniň tertibinde ýerleşdirilmän, taryhy nukdaýnazardan ýerleşdirilipdir. Sanskrit grammatikasynyň tertibine laýyklykda, ilki bilen bokurdak sesleri bilen başlanylýan, soň dodak sesli, ýarym çekimli hasaplanyl- ýan harplar ýerleşdirilipdir. Ýöne başga bir tarapdan rus we ýewropa alymlary bu sözlük- de grek ylmynyň täsiri bar diýip tassyklaýarlar. Sebäbi sözlükdäki ylymlaryň bölünişi baradaky pikirler grekleriňki bilen gabat gelýär. Arap ylmy edebiýatynda Halylyň «Aýna kitabyny» ýazandygy- na şübhelenmeler hem bar. Bu kitaby Halylyň okuwçysy al-Laýit ýazandyr diýip hasaplaýarlar. Ýöne häzirki zaman arap dilini öwre- nijiler Halylyň «Aýna kitabyny» ýazandygyny delilleriň üsti bilen tassyklaýarlar. Halylyň eden işleriniň birentegi biziň döwrümize ge- lip ýetmedik hem bolsa, ony arap dil biliminiň uly bir döwrüni esas- landyryjy hökmünde öňe sürýärler. Şu ýerde bellemeli zatlaryň biri, Halyl al-Farahidi meşhur arap grammatikaçysy Sibaweýhiniň hem mugallymy bolupdyr. Dil biliminiň leksikologiýa ugrunyň belli wekilleriniň biri hem Sibaweýhiniň döwürdeşi Basra şäherinde doglan al-Asmaýydyr 32 (740-njy ýylda doglan, 828-nji ýylda aradan çykan). Ol Halylyň elin- de düýpli ylym alyp, soň öz gezeginde birtopar alymlary ýetişdiren hormatly mugallym bolupdyr. Al-Asmaýy arap diliniň şiweleriniň gaty köpüsini bilipdir, hut şunuň esasynda-da sözleriň temalaýyn alamatlary boýunça ýerleşdirilen sözlügini düzmek üçin köpsanly sözleri ýygnapdyr. Onuň at, düýe, goýun, wagşy haýwanlar bilen baglanyşykly many aňladýan şiwe sözlerini öz içine alýan birtopar sözlükleri düzendigi arap dil biliminde bellidir. Al-Asmaýynyň döreden sözlüklerine girizilen sözleriň hemmesi diýen ýaly onuň hut öz gören zatlarynyň atlarydyr. Al-Asmaýynyň şiweleriň sözlük düzümi baradaky eden işle- rine garamazdan, arap dil biliminiň leksikologiýa, leksikografiýa ugurlarynyň esasy kemçilikleri, aýry-aýry beduin taýpalaryndan ýyg- nalan sözleriň umumy ulanylýan sözler bilen deňeşdirilmezliginden, olaryň arasyndaky many tapawutlaryny ýüze çykarylmazlygyndan ybarat bolup durýar. Arap dil biliminiň leksikologiýa bölümi hakynda gürrüň edi- lende, dünýä dil biliminiň ägirtleriniň biri hasaplanylýan, milleti türkmen Ysmaýyl Jöwheriniň dil bilimindäki hyzmatlary ýatlany- lyp geçilmelidir. Ol sözlük düzmekde örän ýokary derejelere ýetip, zamanasynyň alymlary tarapyndan «Leksikologiýanyň ymamy» diýlip atlandyrylypdyr. Jöwheri ylmy taýýarlygy öz daýysy, belli ylmy işgär Ybraýym Farabydan alýar, Mesopotamiýada, Siriýada, Hijazda bolup, arap dilini ylmy taýdan çuňňur öwrenýär. Şondan soň Damganda, Nişapurda, Horasanda ýaşap, arap dilinden, grammati- kadan, hatdatlyk sungatyndan sapak berýär. Ol hatdatlyk sungatynda şeýle bir üstünlik gazanýar welin, hatda onuň ýazan hatyny belli hat- dat Ibn Muklanyň işinden tapawutlandyryp bolmandyr. Ysmaýyl Jöwheriniň «Syhah» atly sözlügi özünde kyrk müň sözi jemläp, uly meşhurlyk gazanýar. Bu sözlük elipbiý tertibinde düzü- len ilkinji sözlükleriň biridir, şeýle usul Ýewropadaky sözlük düzüliş ylmynda giňden peýdalanylyp başlanýar. Jöwheriniň sözlügi onlar- ça ýylyň dowamynda dürli çekişmelerde ara alnyp maslahatlaşylýar. Hatda birnäçe ýüzýyllyklardan soň, Suýuty 1505-nji ýylda Mekgede Jöwheriniň işi hakynda kitap ýazýar. 33 3. Sargyt № 89 Arap dil biliminiň orta asyrlardaky ýagdaýyna baha berlende aşakdaky häsiýetli aýratynlyklary belläp geçmek gerek. Köp babat- da grek filosofiýasyna bagly bolan grek dil bilimine garanyňda, arap dil biliminde diliň gurluşy derňelende özboluşlylygy bilen tapawut- lanypdyr. Hut şu ugurdan öňe gitmeler arkaly olar ses bilen harpyň arasyndaky aýratynlyklary ýüze çykarmagy başarypdyrlar, sesleri fiziologik nazardan bölmäge synanyşyklar edipdirler, hatda häzirki zaman dilçileriniň arasynda uly jedelleriň döremegine sebäp bolýan dürli fonetik hadysalaryň gelip çykyşyna, manysyna düşündirişler beripdirler. Arap dil biliminde semit dilleri üçin häsiýetli bolan üç çekimsizli kök düşünjesi ajaýyp takyklygy bilen öňe sürlüpdir. Ulanylyş ýygylygynyň sesiň düzümine edýän täsiri hakynda düýp- li pikirler aýdylypdyr. Ýewropa alymlary şunuň bilen bir wagtda arap dil bilimindäki birtopar kemçilikler barada hem agzap geçýär- ler, ýagny sintaksisiň, morfologiýanyň, fonetikanyň meseleleriniň garyşdyrylýandygyny belleýärler. Mundan başga-da arap diliniň sintaksisine ünsüň pes derejede bolandygyny agzap geçýärler. Ýöne, muňa garamazdan, arap dil bilimi dünýä dil bilimine dilleri öwrenmegiň umumy nazaryýeti we tejribesi boýunça örän köp mag- lumatlary berdi. Orta asyrlarda dil bilimi boýunça edilen işler, diňe Gündogar dil bilimine, şol sanda arap dil bilimine degişlidir diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling