Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet17/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   13   14   15   16   17   18   19   20   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Meý Inszonyň sözlüginde (1615) ieroglifler 214 bölege – açara 
bölünýär. Bu sözlük soň Çžan Szyle tarapyndan täzeden işlenilýär 
(1671) hem-de ieroglifleriň dürli görnüşlerde ýazylyşy seljerilýär. 
Mançžur nesilşalygy döwründe Meý Inszonyň kitabyna daýanýan 
resmi standart sözlük (1716-njy ý.) ýüze çykýar, ol biziň günlerimize 
çenli peýdalanylypdyr. 1711-nji ýylda gadymy hytaý ýadygärliklerin-
den başlaýan, ägirt köp suratlar bilen bezelen, ieroglifleriň dürli ýer-
lerde ulanylyşyna bagyşlanyp 444 jiltden ybarat bolan kitap ýazylyp 
gutarylýar.
XVII–XVIII asyrlarda taryhy fonetika düýpli işlenilip, bu babat-
da uly üstünlikler gazanylýar. Ol gadymy tekstleri düşündirmäge hyz-
mat edýär. Hytaý dil biliminde taryhy fonetikany dörediji hökmünde 
Gu Ýan (1613–1682) bellidir, ol gadymy hytaý kapiýalar ulgamyny 
dolulygyna dikeltmäge çalşypdyr. Bu däp belli dilçiler Daý Çžen 
(1723–1777), Kun Gansen (1752–1786), Sýan Dasin (1728–1804) 
we ş.m. tarapyndan dowam etdirilipdir. XIX asyryň ahyrynda XX 
asyryň başlarynda gadymy hytaý diliniň taryhy fonetikasyna gyzy-
klanmalar gaýtadan döredi. Taryhy fonetikanyň ösüşi Hytaý dil 
biliminiň gazanan üstünlikleriniň biridir.
Hytaý diliniň şiwelerini toparlara bölmäge edilen ilkinji 
synanyşyklar XVI asyryň ahyryna ýa-da XVIII asyryň başlaryna (Min 
döwrüne) degişlidir. Gadymy sözleriň manysyna düşündiriş berýän 


38
sholastika täze ösüşe eýe bolýar. Şu nukdaýnazardan Žuan Ýuanyň 
(1764–1849) ýolbaşçylygynda köpjiltlik ýygyndy düzülýär.
Köne sözleriň manysyna düşündiriş bermek bilen meşgullanýan 
ugurdan ýuwaş-ýuwaşdan grammatika bölünip aýrylýar. Ilkinji no-
batda «Gullukçy sözleriň sözlügi» atlandyrylýan sözlük düzülýär. Lu 
Iweýiň (1592), Lýu Siniň (1711), Wan Inçžiniň (1766–1834) düzen 
sözlüklerine gullukçy sözler hökmünde görülýän baglaýjylardan, ow-
nuk böleklerden başga-da inkär ediji, sorag, görkeziji sözler, käbir 
hallar hem-de sypatlar girizilipdir. Ýuý Ýue (1821–1906) gadymy 
hytaý sintaksisiniň düzgünleriniň, düşnüksiz grammatiki gurluşlaryň 
birtoparynyň üstünde işläpdir. Irki orta asyrlarda hytaý alymlarynyň 
daşary ýurt dilleri bilen meşgullanandygy baradaky maglumatlar 
göze ilmeýär. Ýöne XV asyryň başlarynda goňşy ýurtlaryň hökümet-
leri bilen ýygy-ýygydan bolýan gatnaşyklar netijesinde hytaý dilin-
den daşary ýurt dillerine terjime edilen sözlükler peýda bolýar. Olarda 
daşary ýurt sözleri hem hytaý ierogliflerinde berilýär.
Ýewropa dil bilimi bilen ilkinji tanyşlyk XVI asyryň aýaklarynda 
XVII asyryň başlarynda bolýar. Ilkinji gezek hytaý dilinde Günbataryň 
ylmy we tehnikasy hakynda kitaplar çykarylýar. Olaryň arasynda 

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   13   14   15   16   17   18   19   20   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling