Umumy dil bilimi
Aristofan Wizantiýalyny, Apollodory Afinalyny
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
Aristofan Wizantiýalyny, Apollodory Afinalyny görkezmek bolar.
Aleksandriýa mekdebinde Ýewropa ylmynda ilkinji gezek Aristarhyň şägirdi Dionisiý Frakiýaly (b.e.öň 170-90-njy ýyllar) ta- rapyndan ulgamlaşdyrylan grammatiki iş «Grammatika sungaty» döre- dilýär. Bu işde grammatikanyň öwrenýän meseleleri kesgitlenilýär, dogry okamak we basym, dyngy belgileri hakyndaky maglumatlar be- rilýär, çekimliler hem-de çekimsizler toparlara bölünýär, bogunlaryň aýratynlyklary kesgitlenilýär, sözler toparlara bölünip, söze, sözleme kesgitleme berilýär. Dionisiý Frakiýaly atlary we işlikleri düýpli derňäp geçýär, işliklerden hem-de atlardan sözüň ýasalyşy hakynda maglumat berýär. Ol artikli çalyşmadan tapawutlandyrýar, hallary aýratyn söz to- paryna degişli edip, anyk toparlara bölýär, ownuk böleklerden, ümlük- lerden hallaryň özboluşly aýratynlyklaryny belläp geçýär. Dionisiý Frakiýalynyň grammatikasy şol döwrüň grek diliniň morfologik gurluşyny anyk beýan edip bilendigi bilen meşhurdyr. Dil 49 4. Sargyt № 89 biliminiň taryhy Dionisiý Frakiýalynyň döreden «Grammatikasynyň» Ýewropa grammatiklarynyň ählisiniň çeşmesidigini subut etdi. Şu grammatikanyň döredilen döwrüne ýunan taryhynda ellinizm döwri diýlip at berilýär. Ellinizm döwrüniň ýunan dil bilimi ýokary derejä ýetipdir, grammatiki ulgam gutarnykly görnüşe geçirilipdir, fonetika, morfologiýa, sintaksis barada işler ýazylypdyr. Grek dil biliminde Apolloniý Diskolyň (b.e. II asyr.) gram- matiki nazaryýeti uly gyzyklanmalary döredipdir. Ol ýunan şiweşynaslygyna, sintaksisine, morfologiýasyna bagyşlanylan 30-dan gowrak iş ýazypdyr. Apolloniý Diskol köp babatda Dionisiý Frakiýa- la eýerýän hem bolsa, morfologiýa meselesinde has anyk netijelere gelýär, söz toparlaryna, grammatiki kategoriýalara berýän kesgitle- meleri şol döwrüň derejesini göz öňünde tutanyňda, haýran galarlyk- lydyr. Ol Frakiýalydan tapawutlylykda grammatiki mana has uly üns berýär. Diskol söz toparlaryny aýratynlykda belleýär. Atlar, işlikler, çalyşmalar özbaşdak söz toparlary hökmünde häsiýetlendirilýär. Zamanlarda we ýöňkemelerde üýtgeýän hem-de üýtgemeýän söz toparlary tapawutlandyrylýar. Birinji gezek san kategoriýasy girizil- ýär. Atlar we işlikler barada has köp işler edilýär, olar dürli toparlara bölünýär. Baglaýjylary we hallary bölümlere bölmek, çalyşmalar na- zaryýetleri işlenilip düzülýär. Apolloniý Diskolyň sintaktik nazaryýeti gadymy grammatikada aýratyn orny eýeleýär. Onuň «Söz toparlarynyň sintaksisi hakynda» atly ýygyndysy dilçilik ylmynyň soňky ösüş döwürlerine güýçli tä- sir etdi. Bu işde sintaksisiň esasy meselesi söz toparlaryny sözlemde birleşdirmegiň usullary bilen düşündirilýär. Sintaksise diňe bir sözleriň utgaşmalary goşulman, sözleriň birleşmeginde sözleriň, bogunlaryň, sesleriň utgaşmalary hem degişli edilýär. Ýöne Diskolyň sintaksisinde sözlemler baradaky pikirler, eýe we habar baradaky düşünjeler görkezil- meýär, bu sintaktik düşünjeler morfologik häsiýetler bilen çalşyrylýar. Şeýle-de bolsa, sintaksis baradaky bu pikirler ýunan grammatikasynyň ösmegine hem-de kämilleşmegine düýpli täsir edipdir. Latyn ýazuwy b.e.öň VII asyrda Italiýada ýüze çykýar. Ol ýuwaş-ýuwaşdan kämilleşip, çalt depginde ýaýraýar. Sowatlylyk rim jemgyýetinde giň gerime eýe bolýar. Latyn ýazuwy Ýewropanyň täze dilleriniň köpüsiniň ýazuw çeşmesi bolup hyzmat edýär. Gadymy 50 Rimde sözleriň manysyny düşündirmek tejribeleri ýüze çykyp başlaýar. Grammatika Rimde özbaşdak ylym hökmünde b.e.öň II asyryň ortalarynda taryhy, hukuk, çeper häsiýetdäki köpsanly tekstleriň düşündirilmegi bilen baglylykda ýüze çykýar. Rim grammatikasynyň kämilleşmegine grek ylmy, medeniýeti, edebiýaty, suhangöýlük sun- gaty, filosofiýasy, rimlileriň köpüsiniň ýunan dilini bilmegi, Pergam Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling