Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Eflatundyr (Pla- ton)
- Aristundyr (Aristotel
- Zenodot Efeslini
Protagor bolsa, dil kadalarynyň meselelerini öňe sürýär we atlaryň
üç jynsyny hem-de aýdylyşyň dört görnüşini – soragy, jogaby, haýyşy, buýrugy tapawutlandyrýar. Diliň nazaryýetiniň we filosofiýasynyň ösmegine gymmatly goşant goşan ýunan (grek) alymlarynyň biri hem Eflatundyr (Pla- ton) (b.e.öň 420-347-nji ýyllar). Ol diliň taryhynda uly gyzyklanma döreden «Kratil» atly eserini ýazyp, onda, esasan, zatlar bilen olaryň atlarynyň arasyndaky gatnaşyk baradaky meseläni derňeýär. Eflatun 47 sözler bilen zatlaryň arasynda göni däl-de, gytaklaýyn baglanyşygyň bardygyny ykrar edýär we atlaryň endik hem-de şertnama boýun- ça ulanylmagynyň mümkinçiligini-de öňe sürýär. Ol sözüň içki görnüşi baradaky düşünjäni açýar. Eflatun sözi we sözlemi («iň kiçi sözleýiş»), işlik bilen ady tapawutlandyrýar, ýöne sesi, harpy meňzeş zat hasaplaýar. Ses bilen harpyň arasyndaky meňzeşlik boýunça öňe sürlen nazaryýet diliň taryhynda XX asyra çenli dowam etdi. Efla- tun sözlerdäki ses üýtgemelerini ykrar edip, sesleri toparlara bölmäge synanyşyk edýär. Bogny sesden aýratynlykda derňäp, olary ýiti, be- lent, zarply, agyr, pes we ş.m toparlara bölýär. Gadymy dilçilik däpleriniň esasyny goýan görnükli akyldarlaryň ýene biri Aristundyr (Aristotel) (b.e.öň 387-322-nji ýyllar). Ol il- kinji bolup köpmanyly sözleriň (polisemiýa) manylarynyň içki baglanyşygynyň ýollaryny, şeýle-de düşümleriň, beýleki gramma- tiki şekilleriň köpmanylylygyny derňeýär. Aristun «söz bilen beýan edişiň» üç çägini belläp geçýär: sözleýiş sesleri, bogun we dürli görnüşdäki sözler. Ol sözleri: atlar, işlikler, baglaýjylar we çalyşmalar diýip, dört bölüme bölýär. Ýöne atlary we işlikleri kesgitlände mor- fologik hem-de sintaktik çäkleri biri-birinden tapawutlandyrmaýar, ilkinji gezek işligiň käbir aýratynlyklaryny beýan edýär. Aristun sözlemiň we pikir ýöretmäniň biri-birine laýyk gel- meýän ýagdaýlaryny görkezýär, sözlemleriň görnüşleri hökmün- de tassyklamany hem-de inkär etmäni tapawutlandyrýar, şeýle-de işliksiz sözlemleriň hem bolup bilýändigini subut edýär. Onuň öňe sürýän pikirleri sözleriň üýtgemegi we ýasalyşy hakyndaky ilkinji garaýyşlardyr. Aristuna stilistika meseleleri baradaky birtopar pikirler hem degişlidir. Ol söz bilen onuň aňladýan manysynyň arasyndaky baglanyşygyň şertlidigi baradaky garaýşy gutarnykly beýan eden- digi bilen hem uly meşhurlyk gazanypdyr. Biz şu ýerde Aristunyň «Şygryýet» eserinden ýokardaky aýdylanlar bilen bagly mysala ýüzlenýäris: «Geçirilen söz (metaphora) – bu jynsdan görnüşe, ýa görnüşden jynsa, ýa görnüşden görnüşe, ýa meňzeşligi boýunça geçi- rilen mahsus bolmadyk atdyr». (Aristun-Aristotel. Şygryýet. Türkme- nabat. 2000. 34-nji sah.). B.e.öň V-I asyrlardaky ýunan filosofiýasy dile mantyk (logika) boýunça çemeleşmegiň emele gelmeginde uly ähmiýete eýe boldy. 48 Filosoflar dil düşünjeleri bilen mantyk düşünjeleriniň arasyndaky sazlaşygy gözlediler. Gadymy grek filosoflary pikir ýöretme na- zaryýeti bilen beýan etme nazaryýetiniň arasynda hiç hili çäk goýman, mantyk we dilçilik ylymlaryny biri-birinden tapawutlandyrmadylar. Olar sözleýşi, pikiri, pikir ýöretmäni, beýan etmäni logos adalgasy bilen aňlatdylar, sözleýiş birliginiň morfologik, sintaktik, mantyk hä- siýetlerini anyklamadylar. Filosoflaryň we dilçileriň ýeten derejeleriniň netijesinde elli- nizm döwründe dil we edebiýat ylmy ýüze çykýar, ol nusgawy ýazuw ýadygärliklerini düşündirýär, olaryň tankydy tekstlerini taýýarlaýar hem-de öwrenýär. Toplanylan tejribeler netijesinde grammatika özbaşdak ylym hökmünde ýüze çykdy. Grammatikanyň emele gelmeginde we ösme- ginde Ýewropa dilçilik däpleriniň esasyny goýmakda ägirt uly äh- miýete eýe bolan Aleksandriýa grammatiki mekdebiniň bitiren işleri bimöçberdir. Şol döwrüň grammatikasy öz manysy boýunça häzirki zaman beýan ediji dil bilimini ýada salýardy. Grek we Rim dilçileriniň işleri sözlük düzülişiň (leksikogra- fiýa) ösmegi bilen baglanyşyklydyr. Şol döwürde ulanylyşdan galan, berýän düşünjeleri çäklenen sözler ýygnalýar. Ellinizm döwrüniň görnükli sözlükçileri (leksikograflary) hökmünde Zenodot Efeslini, Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling