Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet32/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   28   29   30   31   32   33   34   35   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Rasmus Rask skandinaw dillerini öwrenipdir. Onuň esasy ylmy 
işi «Gadymy Demirgazyk ýa-da island diliniň gelip çykyşynyň barla-
gydyr.» Bu iş 1818-nji ýylda çap edilýär. R.Rask öz derňewinde, esa-
san, skandinaw dilleriniň materiallaryny beýleki hindi-ýewropa dilleri 
bilen deňeşdirmäge üns beripdir. Ol XVIII asyryň filosofik gramma-
tikalary üçin häsiýetli bolan onomasiologik (at bermek) garaýyşlara 
garşy çykypdyr hem-de dili öwrenmekde semasiologik (many) 
çemeleşme ugrunda çykyş edipdir: «Dil baradaky ylym pikiri hem 
onuň görnüşlerini däl-de, sözleri, olaryň aýdylyşyny, görnüşlerini, 
olaryň aragatnaşyklaryny hem arabaglanyşyklaryny öwrenmelidir.» 
R.Rask dilin gurluşy hakyndaky garaýyşlarynda dili iki bölüme:
– sözlere hem-de olaryň özara gatnaşygyna bölýär. Olaryň birinjisi-
ni – leksika, ikinjisini bolsa diliň grammatikasy düzýär. Alym lek-
sika bilen grammatikanyň arasyndaky tapawuda deňeşdirme-taryhy 
dil bilimiň nukdaýnazaryndan baha bermek bilen, grammatik gabat 
gelmäni leksiki gabat gelmeden ýokarda goýýar. Sebäbi, biz beýleki 
dillerden leksika babatdan alynmalara gabat gelip bileris, emma ge-
netik garyndaşlykda duş gelýän grammatik serişdeleriň beýleki bir 


58
dilden alynmagy mümkin däldir. R. Rask bu babatda şeýle diýýär: 
«Meselem, iňlis dili skandinaw we fransuz dillerinden düşüm bilen 
üýtgeme kadalaryny kabul edip almady, tersine, gadymy anglasakson 
fleksiýalarynyň (söz üýtgediji goşulmalar) hem köpüsini ýitirdi. Edil 
şunuň ýaly hem daniýa dili nemes goşulmalaryny, ispan dili bolsa got 
we arap goşulmalaryny kabul etmedi.» 
R. Rask dil biliminiň taryhynda deňeşdirme-taryhy usulyň we 
german dillerini öwrenişiň esasyny goýanlaryň biri hökmünde giňden 
bellidir.
Aleksandr Hristoforowiç Wostokow 1820-nji ýylda çap edi-
len «Slawýan dili hakynda şu diliň grammatikasyna giriş bolup 
hyzmat edýän degşirme» atly işi bilen deňeşdirme-taryhy dil bili-
mini esaslandyryjylaryň biri hökmünde dil biliminiň taryhyna gir-
di. Bu iş, esasan, slawýan dilleriniň deňeşdirme-taryhy fonetikasy-
na bagyşlanylypdyr. A. H. Wostokowyň ylmy işi slawýan dilleriniň 
deňeşdirme-taryhy ugrunyň ösmegine giň ýol açdy. Bu ugruň 
döremegi F. Mikloşiçiň ady bilen baglanyşdyrylýan hem bolsa
A.H.Wostokow ondan otuz ýyl öň slawýan dilleriniň arasyndaky köp-
sanly fonetik barabarlyklary, ilkinji nobatda gadymy slawýan we rus 
dilleriniň arasyndaky fonetik barabarlyklary belledi. 

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   28   29   30   31   32   33   34   35   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling