Umumy dil bilimi


A.H. Wostokowyň, F. Mikloşiçiň


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet29/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   25   26   27   28   29   30   31   32   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

A.H. Wostokowyň, F. Mikloşiçiň işlerinde slawýan dilleri we ede-
biýatlary hakyndaky ylym hökmünde slawistikanyň esaslary goýulýar. 
R. Raskyň, Ý. Grimmiň, F. Boppuň işlerinde german dilleri we ede-
biýatlary baradaky ylym-germanistikanyň düýbi tutulýar.
Hindi-ýewropa dilleriniň deňeşdirme grammatikasy döredilýär: 
1833–1849-njy ýyllarda F. Bopp «Sanskrit, zend, grek, latyn, litwa, 
got we nemes dilleriniň deňeşdirme grammatikasyny» çap etdirýär, 
1861–1862-nji ýyllarda A. Şleýheriň «Hindi-ýewropa dilleriniň 
deňeşdirme grammatikasynyň esasy düzgünleri (kompendiumy)» 
peýda bolýar. Dilleriň hindi-ýewropa maşgalasynyň deňeşdirme gram-
matikasy bilen birlikde onuň aýratyn toparynda anyk dilleriň taryhy 
grammatikalary döredilýär. 1819–1837-nji ýyllarda Ý. Grimmiň dört 
jiltlik «Nemes grammatikasy», 1858-nji ýylda F. I. Buslaýewiň «Rus 
diliniň taryhy grammatikasynyň tejribeleri» atly kitaplary çap edilýär.
Kowumdaş dilleriň deňeşdirme grammatikasy we aýratyn 


55
dilleriň taryhy grammatikalary dil biliminde taryhylyk ýörelgelerine 
esaslanypdyr. Dürli dilleriň arasyndaky kowumdaşlyk derejesi kesgit-
lenilipdir, dilleriň gelip çykyş we morfologik taýyndan bölünişi amala 
aşyrylýar.
Hindi-Ýewropa dillerini deňeşdirme-taryhy taýdan öwrenmegiň 
taryhy dört döwri öz içine alýar: 
1. Deňeşdirme-taryhy dil biliminiň döreýşinden «Ýaş gramma-
tikaçylara» çenli bolan döwür (XIX asyryň birinji çärýegi – 1870-nji 
ýyl);
2. «Ýaş grammatikaçylar» döwri (1870–1890-njy ýyllar);
3. «Ýaş grammatikaçylar» döwründen F de Sossýuryň «Umumy 
lingwistik sapaklary» işine çenli döwür (XIX asyryň ahyryndan XX 
asyryň ýigriminji ýyllaryna çenli);
4. F de Sossýuryň işlerinden häzirki wagta çenli.
Deňeşdirme-taryhy dil biliminiň döremeginde we ösmeginde 

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   25   26   27   28   29   30   31   32   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling