Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- I. Nýutonyň
- G. Postelus we I. Skaliger
Frans Boppuň (1791–1867), Ýakob Grimmiň (1785–1863), Ras-
mus Raskyň (1787–1832), Aleksandr Wostokowyň (1781–1864) örän uly hyzmaty bardyr. Frans Bopp. Frans Boppuň esasy ylmy işi onuň «Sanskrit, zend, grek, latyn, litwa, got we nemes dilleriniň deňeşdirme grammatikasy» atly kitabydyr. Kitabyň birinji neşiri 1833-nji ýyldan 1852-nji ýyla çenli aralykda çap edilýär. Üç tomdan, alty bölümden ybarat bolan bu iş hindi-ýewropa deňeşdirme-taryhy dil biliminiň esasy çeşmesi bolýar. Bu iş dürli ýurtlardan bolan dilçileriň täze nesliniň kemala gel- meginde möhüm ähmiýete eýe boldy. Şol döwürde dil bilimi özüniň ösüşinde uly üstünlikler gazanan hem bolsa, F.Boppuň işi örän ýokary derejede kabul edildi. Kitabyň 1856-njy ýylda çap edilen iňlis dilindä- ki nusgasynyň sözbaşynda bu iş I. Nýutonyň «Natural filosofiýanyň matematiki başlangyçlary», şeýle-de, F. Bekonyň «Täze organon» işleri bilen deňeşdirilýär. Frans Bopp hindi-ýewropa dilleriniň genetik garyndaşlygyny ylmy taýdan tassyklady. Ýöne bu meselä XVI asyrda G. Postelus we I. Skaliger, XVII asyrda W.Leýbins, Ý. Križaniç, XVIII asyrda M. W. Lomonosow, W. Džounz hem üns beripdi. F.Boppuň hindi-ýewropa dilleriniň garyndaşlygy baradaky pikiri, esasan, işlik fleksiýalaryna (söz üýtgediji goşulmalaryna) daýanýar. 56 Onuň ýokarda agzalan işinde F.Boppuň belli agglýutinasiýa (birleşme) nazaryýeti beýan edilýär. Bu nazaryýet hindi-ýewropa dilinde söz toparlarynyň emele gelşini düşündirmäge gönükdirilýär. Onuň esasy manysy şundan ybaratdyr. Hindi-ýewropa dili ilkibaşda asyl söz dille- rine – amorf dillere degişli bolupdyr. Ol diňe bir morfemaly sözlerden – kök sözlerden ybarat bolup, goşulmalar ulanylmandyr. Kök sözler işlik hem-de çalyşma kök sözleri atlandyrylýan iki bölüme bölünipdir. Wagtyň geçmegi bilen çalyşma kök sözleriniň esasynda çalyşmalar we ownuk bölekler emele gelipdir. Käbir çalyşmalar işlik kök söz- leri bilen bilelikde ýygy-ýygydan ulanylmagynyň netijesinde olara birigipdir. Bu bolsa, goşulmalara öwrülen çalyşmalaryň döremegine sebäp bolupdyr. Boppuň agglýutinasiýa nazaryýeti werballaşma (işlikleşme) garaýşyna degişlidir, onuň esasynda esasy söz toparlary işlik kök söz- lerinden emele gelýär diýlen garaýyş ýatýar. Substantiw (atlaşma) na- zaryýeti bolsa, söz toparlarynyň döreýşinde taryhy taýdan ilkinjiligi atlara degişli hasaplaýar. F. Bopp ylmyň taryhyna hindi-ýewropa deňeşdirme-taryhy dil biliminiň esasyny goýujy hökmünde girdi. Ol «Sanskrit, zend, grek, latyn, litwa, got we nemes dilleriniň deňeşdirme grammatikasy» atly kitabynda deňeşdirme-taryhy dil biliminiň nazary esaslandyrmasyny öňe sürdi. Hindi-ýewropa dillerini deňeşdirip öwrenmekde F.Boppuň hyzmaty örän uludyr. Soňky ýyllarda ýazylan işleriň köpüsi onuň garaýyşlaryna esaslanýar. Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling