Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- XVII-XIX asyrlarda Ýewropada dil bilimi
- G.Leýbnisiň, R.Dekartyň, J.Wukonyň
- Dekartyň
Soraglar we ýumuşlar:
1. Gadymy Grek we Rim dil bilimleriniň özboluşly aýratynlygyny häsiýetlendiriň. 2. Grek filosoflarynyň dil bilimindäki hyzmatlary. 3. Latyn diliniň we ýazuwynyň dil biliminde nähili ähmiýeti boldy? Hödürlenilýän edebiýatlar: 1. Амирова Т.А., Олховиков Б.А., Рождественский Ю.Б. История языкознания. М., 2007. 2. История лингвистических учений. Древний мир. Л.,1980. 3. Кондрашов. Н.А. История лингвистических учений. М., 1979. 4. Радциг С.И. Введение в классическую филологию. М., 1965. XVII-XIX asyrlarda Ýewropada dil bilimi Ýewropa dil biliminde XVII asyrdan başlap aýgytly ädim- ler ädilip başlanyldy. XVII-XVIII asyrlarda dil, onuň gelip çykyşy hakyndaky umumy işler, meselem, Ž.Ž. Russonyň «Dilleriň eme- 52 le gelşi hakyndaky tejribeler» (1761), I.Gerderiň «Dilleriň eme- le gelişleri hakyndaky barlaglar» (1772) ýazyldy. Dekartyň,_J.Wukonyň'>G.Leýbnisiň, R.Dekartyň, J.Wukonyň taryha we filosofiýa degişli işlerinde umu- my dil biliminiň meseleleri şöhlelenýär. Bu döwürde grammatikanyň iki görnüşi: ählumumy (rasional) we kada (filologik) görnüşi emele gelýär, grammatikanyň üçünji hem-de dördünji görnüşleri (deňeşdirme we taryhy) soňra XIX asyr- da döreýär. «Ählumumy rasional grammatika» (lat. rationalis – akyly, akyla degişli) 1660-njy ýylda fransuz pelsepeçisi Dekartyň yzyna eýeriji fransuz alymy, mantyk (logika) boýunça meşhur hünärmen A. Arno hem-de dilçi K. Lanslo tarapyndan ýazylýar. Bu okuw kitaby Por- -Roýal grammatikasy diýlip hem atlandyrylýar, sebäbi ol ilkinji ge- zek Parižiň golaýyndaky Por-Roýal monastyrynda çap edilýär. Bu grammatikada gepleýşiň tebigy esaslaryny, ähli dillere ma- hsus bolan ýörelgeleri görkezmek maksat edinilýär. Por – Roýal grammatikasynda gepleýşiň kanunlary mantyk (logika) kanun- lary bilen garyşdyrylýar. Türkmen dilçisi A. Annanurow rasional grammatikalaryň özboluşly taraplaryny aşakdaky ýaly belleýär: «Rasional grammatikalaryň esasy düzgünleri şeýledir: dil pikir aňlatmak serişdesidir; pikir mantyk (logika) tarapyndan öwrenilýär; öwrenilýän obýektler (pikir hem dil) içki tarapdan biri-biri bilen baglanyşykly; şoňa görä olary öwrenýän ylymlaryň, ýagny logika bi- len grammatikanyň hem arasynda baglanyşyk bolmaly, grammatika logika daýanmaly, grammatiki kategoriýalara logiki kategoriýalaryň ýüze çykmasy hökmünde garalmaly. Şeýlelik bilen, logikanyň we grammatikanyň aragatnaşygy pikirlenmäniň we diliň aragatnaşygy bilen kesgitlenilýär. Dil pikire garaşly bolansoň, grammatika hem (dili öwrenýän ylym hem) logika (pikiri öwrenýän ylma) garaşly bolmaly. Logikanyň kategoriýalaryna esaslanan grammatika rasional grammatika bolýar.» (Annanurow A. Dil biliminiň esaslary, Aşgabat 1971, 19-njy sah.). Mantyk (logika) millete garaşsyzlykda ähli adamlar üçin umu- mydyr. Şuňa laýyklykda, mantyga (logika) esaslanýan grammati- ka hem hemme diller üçin umumy bolmalydyr, aýratyn alnan diliň grammatikasy bolup bilmez diýen ýalňyş garaýyş öňe sürülýär. Ýöne 53 adamlaryň hemmesi üçin haýsydyr bir zat hakyndaky pikir meňzeş bolsa-da onuň dillerde aňladylyşy dürlüdir. Meselem, «Волка боишься, в лес не ходи», «Serçeden gorkan dary ekmez». Bu ýerde aýdylýan pikir meňzeş, ýöne beýan ediliş dürli sesler arkaly amala aşyrylýar. Hut şu babatdan-da, milletlerde mantyk (logika) umumy bolsa-da, grammatika her bir milletiň dili üçin aýratyndyr. Ählumumy grammatika dile üýtgemeýän zat hökmünde garap, onuň taryhy ýörelgelerini inkär edýär. Emma grammatikanyň esasy ylmy aýratynlygy onuň taryhylyga esaslanýanlygyndadyr. A. Arnonyň we K. Lanslonyň pikiriçe grammatika gepleýşiň we ýazuwyň sungaty däl-de, diliň seljerişini geçirmegi başarmakdyr, grammatiki nazaryýetdir. Umumy grammatikada iki sany özara baglanyşykly ugur – grammatikalaryň ählumumy düzgünlerini we olaryň mantyk (logiki) esaslaryny ykrar etmek öňe sürülýär. Gram- matika morfologiýadan, sintaksisden ybarat bolýar. Morfologiýa Aleksandriýa grammatikasyndaky ýaly morfologik kategoriýa- lary, söz toparlaryny (isimler atlara we sypatlara bölünýär) beýan edýär. Sintaksis edil mantykdaky (logikadaky) ýaly söz düzümlerini (gurluşyny) we sözlemleri öwrenýär. Por-Roýal grammatikasynyň we mantygynyň (logikasynyň) öňe sürýän pikirleri filosofiki grammatika ady bilen Ýewropa döwletleriniň hemmesine giňden ýaýrady. Şunuň ýaly ählumu- my grammatikalar Russiýada XIX asyryň ortalarynda peýda boldy, olaryň içinde has görnüklisi L.G.Ýakobanyň 1812-nji ýylda ýazan «Ählumumy grammatika boýunça görkezmeler» atly işidir. Filosofiki grammatikalar filologik dil we edebiýat grammatika- laryna gapma-garşy boldular, olar kada ýa-da beýan ediji gramma- Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling