Umumy dil bilimi


mekdebiniň nazaryýetçisi Krateta Malosskiniň


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet26/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   22   23   24   25   26   27   28   29   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

mekdebiniň nazaryýetçisi Krateta Malosskiniň umumy okuwlary 
düýpli täsir edipdir. B.e.öň II we I asyrlaryň sepgidinde grammatika 
jemgyýetde görnükli orun eýeläp, ösüşiniň ýokary basgançaklary-
na çykypdyr. Rim grammatikasynyň ösmegine Eliý Stilon, Awreliý 
Opill, Staberiý Erot, Antoniý Gnifon, aýratyn hem Mark Terensiý 
Warron, Nigdiý Figul uly goşant goşupdyr.
Rime ellinizm döwründe Ýunanystandan diliň döreýşi, söz bilen 
onuň aňladýan manysynyň arasyndaky tebigy ýa-da şertli baglanyşyk 
hakyndaky jedeller-de gelipdir. 
Rim dil biliminde meşhur dilçi alym Mark Terensiý Warron 
aýratyn orun eýeleýär. Ol «Latyn dili hakynda», «Latyn sözleýşi 
hakynda», «Sözleriň meňzeşligi hakynda», «Sözleýşiň peýdasy 
hakynda», «Latyn diliniň emele gelşi hakynda», «Harplaryň gadymy-
lygy hakynda» atly ýygyndylaryny, dokuz jiltden ybarat bolan 
«Ylym» atly ensiklopedik işini ýazypdyr. Warron öz işlerinde zatlary 
we sözleri dört bölüme bölüp öwrenýär, ilkinji gezek ýöňkemede üýt-
geýän hem-de üýtgemeýän sözler toparlara bölünýär. 
Biziň eýýamymyzyň III asyrynda lingwistika bilen baglanyşykly 
ylmy işleriň ýazylyşy pese düşüp ugraýar. Bu döwürdäki köp bol-
madyk işlerden Mariýa Saserdotyň grammatikasyny görkezmek bo-
lar. IV asyrda dil bilimi ýene ýokary galyp başlaýar, alymlar Noniý 
Marseliň, Arusian Messiniň sözlükleri peýda bolýar.
Eliý Donatyň «Ars grammatika» atly gollanmasy görlüp-eşi-
dilmedik derejede üstünlik gazanýar. Ol latyn dilini okatmak üçin 
müň ýyldan gowrak döwrüň dowamynda okuw kitaby hökmünde 
peýdalanylýar. Bu işiň «Ars minor» atly giriş, başlangyç bölüminde 
söz toparlary, sorag, jogap sözlemleri barada giňişleýin maglumat be-
rilýär.
IV asyryň ahyrlarynda Rim imperiýasynyň ýykylmagy bilen dil 


51
bilimine degişli işleriň merkezi Konstantinopola geçipdir. Bu ýerde 
VI asyryň başlarynda Prissiýanyň 18 kitapdan ybarat bolan «Insti-
tutio de arte grammaticae» atly latyn diliniň meşhur grammatikasy 
peýda bolýar. Awtor Apolloniý Diskola we köpsanly rim grammati-
kaçylaryna, esasan-da, Flawiýa Kapra daýanýar. Ol atlary, işlikleri, 
baglaýjylary, hallary, ümlükleri anyk beýan edýär, sintaksisiň mesele-
lerine-de degip geçýär. Sözlemiň gurluşynda işlikleriň hem-de atlaryň 
hyzmatlaryny doly belleýär. Şol döwrüň grammatikasy gadymy dil 
biliminiň ýeten derejesiniň jemi bolmak bilen, latyn diliniň gramma-
tikasyny okatmakda XIV asyra çenli (sekiz ýüz ýylyň dowamynda) 
peýdalanyldy.
Gresiýada we Rimde dörän dil hakyndaky ylymlar biri-biri bilen 
baglanyşykly, şol bir wagtda-da olaryň her haýsy doly özbaşdak bo-
lup, bütewi ýewropa lingwistik däpleriniň emele gelmeginde basgan-
çak bolan Ortaýer deňiz lingwistik däplerini emele getirdiler.

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   22   23   24   25   26   27   28   29   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling