Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Gadymy Gresiýada we Rimde dil bilimi
Soraglar we ýumuşlar:
1. Gadymy hindi dil biliminiň esasy aýratynlyklaryny häsiýetlendiriň. 2. Panininiň işleriniň dünýä dil bilimindäki orny. 3. Hindi dilçileriniň nähili işlerini bilýärsiňiz? Hödürlenilýän edebiýatlar: 1. Даниленко. В.П. Обшее языкозание и история языкознания. М., 2009. 2. Радциг С.И. Введение в классическую филологию. М., 1965. 45 Gadymy Gresiýada we Rimde dil bilimi Ýewropa medeniýeti, esasan, gadymy ýunanlylaryň (grekleriň) asyrlaryň dowamynda döreden çeşmelerinden öz gözbaşyny alyp gaýdýar. Ýewropalylar ýunanlylara diňe bir öz hat ulgamlary üçin däl, diliň filosofiýasy, suhangöylük, şygryýet, stilistika üçin-de borç- ludyrlar. Ýunanlylar tarapyndan döredilen grammatika ýewropa grammatikalarynyň hemmesiniň enesidir. Häzirki Ýunanystanyň (Gresiýa) çäklerinde b.e.öň III müňýyllykda ýaşan aheý we ion taýpalary birtopar uly döwletleriň döremegine gatnaşypdyrlar, olaryň arasynda Krit adasyndaky döwlet has uly üs- tünliklere eýe bolupdyr. Bu ýerdäki minoý medeniýetini dowam etdiri- jiler örän çalt ösüpdirler (b.e.öň XXII–XVII a.), piktografik (surat ýa- zuwy) ýazuwdan krit ideografik ýazuwyna geçişi amala aşyrypdyrlar. Ol hat müsür hatyna meňzeş bolupdyr. B.e.öň XVIII asyrda bogun görnüşli täze hat ulgamy işlenilip düzülýär. Ýazuw ýadygärlikleriniň şaýatlyk etmegine görä, bu hat b.e.öň 1700–1550-nji ýyllarda peýda- lanylypdyr. Kritliler özlerine Egeý deňzinde ýerleşen adalaryň birtoparyny tabyn edipdirler. Olar Müsür hem-de Aziýa döwletleri bilen söwda, diplomatik aragatnaşyklary saklapdyrlar. B.e.öň 1470-nji ýylda bolan ýer titremesi ilatyň heläk bolmagyna getiripdir. Materikde, Ellada medeniýetiniň jemlenýän ýerinde ýunan döwleti emele gelip başlapdyr, b.e.öň XVI–XIII asyrlarda Ýunanystan (Gresiýa) ösüşiň ýokary derejesine ýetipdir. Aheýlileriň miken mede- niýeti goňşy ýurtlara, şol sanda Müsüre hem täsir edipdir. Aheýliler b.e.öň XV-XIV asyrlarda öz şiwelerinde bogun hatynyň ýüze çykma- gynda uly ähmiýete eýe bolan krit hatyny döredipdirler. Ýewropa we ýunan siwilizasiýasynda finikiýa hatynyň esasynda çekimli sesler üçin ýörite belgileri bolan ýunan elipbiýiniň döredilmeginiň (b.e.öň IX–X asyrlar) ägirt uly ähmiýeti bolupdyr. Şol döwrüň ylma mälim bolan ýazuw ýadygärlikleri b.e.öň VIII asyra degişli hasap edilýär. Ýazuwyň ýüze çykmagy şygryýetde, suhan- göýlükde, filosofiýada diliň meselelerine gyzyklanmalaryň ýokary derejede ösmegine getiripdir. Sözleriň manylaryna düşünmäge synanyşyklar Gomerden we |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling