Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet18/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   14   15   16   17   18   19   20   21   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Szin Nigeniň hytaý fonetikasyny ýewropa nukdaýnazaryndan beýan 
edýän kitaby hem bar ekeni, awtor kitabynda hytaý sözlerini latyn 
harplarynyň üsti bilen beripdir.
XIX asyryň 90-njy ýyllarynda milli hytaý fonologiýasy täze 
ösüşe aýak basýar. Geljekki onýyllyklaryň fonetika bilen iş salyşýan 
alymlary elipbiý hatynyň ýörelgeleri, ugurlary bilen tanyşýarlar. 
1892-nji ýyldan başlap hytaý dili üçin elipbiýleriň taslamalary peý-
da bolup başlaýar. Hytaý dilindäki sözleriň (bogunlaryň) seslere ga-
bat geliş meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar. 1958-nji ýyldan başlap 
Hytaý Halk Respublikasynda 26 belgiden durýan, latyn harplarynyň 
esasyndaky ses ýazuwy hereket edýär. Ol telegraf aragatnaşygynda, 
okuw kitaplarynda (aýratyn hem daşary ýurtlular üçin) peýdalanylýar. 
Häzirki wagtda elipbiý ýazuwyna doly derejede geçmek göz öňünde 
tutulmaýar. Ierogliflerde ýazylan müňlerçe ýyllyk taryhly ägirt uly 
medeni miras bilen arany açmazlyk üçin elipbiý ýazuwyna geçmek 
maksadalaýyk däl hasaplanylýar. Şonuň üçin-de dilçileriň esasy güýji 
ieroglifleriň ýazylyşyny ýönekeýleşdirmäge gönükdirilendir.
1898-nji ýylda gadymy hytaý diliniň hakyky grammatikasy – 


39
-wenýanýa (Ma Szýançžun, 1844–1900) çap edilýär. Ol latyn uniwer-
sal grammatikasynyň nusgasynda düzülip, ses tarapyndan tapawut-
lanýan hemme diller üçin grammatikanyň bir görnüşliligini öňe sürýär. 
Bu grammatikada käbir sözleriň we olaryň sözlemlerdäki bitir-ýän 
hyzmatlarynyň bölünişi berilýär, sözlemleriň gurluşy hakyndaky ma-
glumatlar, gullukçy sözleriň manylary beýan edilýär.
XX asyryň 30–40-njy ýyllaryndan başlap hytaý diline meňzeş 
dil-lere mahsus bolan dil hadysalaryny düşündirýän, hususy we 
ýewropa dilçilik däpleriniň utgaşmalaryna esaslanýan fonetika, esa-
san-da grammatika çalt depginde ösüp başlady.
Häzirki zaman hytaý dil bilimi dil hakyndaky ylma dünýä 
ylmynyň bir bölümi hökmünde öz goşandyny goşýar.

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   14   15   16   17   18   19   20   21   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling