Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet20/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   16   17   18   19   20   21   22   23   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Panininiň (b.e.ö V a.) «Aştadhýaýýa» («Sekiz kitap») işi meşhurdyr. 
Panini bu işinde weda dili bilen sanskrit dilini deňeşdirip, olaryň hä-
siýetli aýratynlyklaryny ýüze çykarýar. Ol hemişe weda diline üns 
berip, onuň sanskrit dilinden tapawudyny belleýär. Häzirki döwrüň 
«işjeň grammatika» (sözleýşiň grammatikasy) ugruny goldaýan
dilçilerini Panininiň dilleri beýan etmekdäki çemeleşmesi haýran 
galdyrýar. Ol berilýän pikiriň aragatnaşygy guramakdaky ähmiýe-
tini, söz morfemalaryny, soňra sintaktik gurluşlary ýygnamak bilen 
baglanyşdyrýar. Fonetik maglumatlar grammatikanyň tutuş süňňüne 
siňdirilýär. Ol şu nukdaýnazardan häzirki zaman morfologiýasynyň 
öňe sürýän meselelerine ýakynlaşýar. Panini morfologik seljermelere 
üns berende söz ýasalyşyň we söz üýtgeýşiň arasynda çäk goýmaýar. 
Mundan başga-da, grammatiki kadalar çendenaşa gysgalygy, ýat tut-
mak üçin örän amatlydygy bilen tapawutlanýar. Sintaksis baradaky 
maglumatlar işde bar bolan sözlemleriň ýerine ýetirýän wezipeleriniň 
beýan edilmeginde jemlenýär.
Hindistanda gadymy we orta asyrlarda döredilen grammati-
ka degişli işleriň hemmesi diýen ýaly Panininiň grammatikasyna 
düşündirişler bermek bilen meşgullanypdyr. Panininiň düzen gram-
matik kadalary beýleki hindi–ariý dilleriniň beýan edilişinde (şol san-
da prakrit diliniň) daýanç bolup hyzmat edipdir.
Panininiň sözleriň döredilmegi üçin möhüm çeşmeleriň biri bo-
lup hyzmat edýän sesleriň gezekleşmegi hakyndaky öňe süren pikiri 
aýratyn gymmatlydyr.


42
Paniniden soňky hindi dilçilik däpleri düşündirijilik häsiýetine 
eýe bolupdyr. Ilkinji nobatda keramatly ýadygärlikleriň, wedalaryň 
diline, ikinjiden bolsa Panininiň işlerine düşündirişler berlipdir. 
Grammatikalara, dil boýunça edilen işlere düşündirişler bermek tä 
XVIII asyryň ahyrlaryna çenli dowam edipdir.
Gadymy hindiler ilkibaşda tymsallarda, rowaýatlarda, soň-soňlar 
bolsa filosofiýa we grammatika bilen baglanyşykly işlerde diliň filoso-
fiýasy baradaky meselelere ýüzlenipdirler. Olar dili hudaý tarapyndan 
(«Rigweda») döredilen diýip ykrar edipdirler. Weda gimnlerinde dil 
hudaýlary: sözleýşiň hudaýy Waç, mukaddes sözleriň hudaýy Baha-
rati, dogry sözleriň hudaýy Waruna tapawutlandyrylypdyr. Dil bara-
daky garaýyşlar hindi dini filosofiýasynyň ähli ugurlarynda: brahma-
nizmde, jaýinizmde, buddizmde, induizmde esasy meseleleriniň biri 
bolupdyr.
Hindistanda Bhawrtrihari filosofiýasynyň «grammatiki mekde-
biniň» wekilleriniň «Wakýapadiýa» («Sözler we sözlemler hakynda») 
ýygyndysynda beýan edilen filosofiki dilçilik garaýyşlary aýratyn 
orna eýe bolýar. Munda Brahman başlangyjy we ahyry bolmadyk 
sözler bilen deňeşdirilýär, şol sözler Älemi hem-de ondaky tükeniksiz 
hadysalaryň, zatlaryň dürli görnüşliligini kesgitleýär. Olaryň pikiriçe 
Älem aýdylan, aýdyljak (beýan ediljek, aňladyljak) zatlaryň, ýagny 
sözleriň, sözleýşiň esasynda barlyk hökmünde ýüze çykýar. Dile 
şunuň ýaly filosofiki nukdaýnazardan garamaklyk giň gerime eýe 
boldy, hatda häzirki zaman hindi dil biliminde-de olara duş gelmek 
bolýar.
Ýewropa alymlary sanskrit dili we gadymy Hindistanyň gram-
matiki işleri bilen XVIII asyryň aýagynda XIX asyryň başlarynda 
tanşypdyrlar, bu bolsa taryhy-deňeşdirme dil biliminiň we onuň 
usullarynyň emele gelmeginde uly ähmiýete eýe bolupdyr. Dil 
biliminiň taryhy-deňeşdirme usulynyň düýbüni tutujylar gadymy 
hindi diliniň ähli hindi-ýewropa dilleriniň asly bolup durýandygyny 
belläp geçýärler. Häzirki zaman ýewropa we amerika dil biliminde 
gadymy hindiler tarapyndan işlenilip düzülen düşünjelere, aýratyn 
hem seljerme usullaryna ýygy-ýygydan ýüzlenilýär. Şunda gadymy 
hindi ylmy tarapyndan öňe sürlen düşünjeleriň milli aýratynlyklaryny 
göz öňünde tutmanyňda, kämilleşen ýewropa dilçilik däpleri bilen 


43
doly deň gelýändigine göz ýetirmek bolýar. Hindi ylmynyň milli me-
deni aýratynlyklary grammatiki işleriň we sözlükleriň taryhy taýdan 
emele gelşinde öz ugruny üýtgetmändigi bilen şertlendirilýär. Bu bol-
sa hindi dil biliminiň taryhynda gadymy we orta asyrlary döwürlere 
bölmekde kynçylyk döredýär.
Olaryň arasyndaky aýratynlyk, esasan, orta asyrlar döwrüniň 
başynda leksikografiýanyň ösüp başlamagynda we bilelikde gram-
matiki-leksikografiki däpleriň emele gelmeginde jemlenýär. Mundan 
başga-da orta asyrlarda edil gadymy döwürlerdäki ýaly dil biliminiň 
tejribe işlerine, dini däp-dessurlaryň berjaý edilişine tabyn edilme-
gi hem gabat gelýär. Gadymy döwürde hem, orta asyrlarda-da hindi 
akyldarlary tarapyndan dile işiň görnüşi hökmünde düşünipdirler. Bu 
ýewropa dilçileriniň garaýyşlaryna düýbünden gapma-garşylyklydyr, 
sebäbi ýewropa dilçileri, ilkinji nobatda, dili atlaryň sanawy hasap-
laýarlar. Orta asyrlarda söze bolan üns has güýçlenip, ol hemmeta-
raplaýyn öwrenilip başlanýar.
Nusgawy grammatikanyň wekilleri weda tekstlerini düşün-
dirmegi dowam etdirýärler, dilçi-semantikler bolsa Buddanyň öwüt-
nesihatlarynyň manysy bilen meşgullanýarlar. Panini we onuň tarap-
darlary tekstiň görnüşine, aňladylyş usulyna gyzyklanma bildiren 
bolsalar, budda aňyýetiniň wekilleri tekstleriň mazmunyna üns be-
ripdirler. Bularyň hemmesi adalgalaryň toplanylyşyndaky tapawutlar 
arkaly şertlendirilipdir.
Hindi dil biliminiň taryhynda Panininiň işleriniň köpsanly 
düşündirişleri bellidir. Orta asyrlarda onuň dilçilik däpleriniň nus-
gasynda Patanjali, Katýaýana, Çandragomin, Jaýnendra, Şa-

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   16   17   18   19   20   21   22   23   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling