Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet21/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   17   18   19   20   21   22   23   24   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

kataýana dagylar birtopar işleri edipdirler. Olar Panininiň kitabyny 
has gysgaltmaga çalşypdyrlar. Panininiň grammatikasy bilen bir ha-
tarda «Dahatupatha», «Ganapatha», şeýle-de Çandragominä degişli 
«Unadisutra» ýaly özbaşdak usulyýetlere eýe bolan grammatiki işler 
ýüze çykypdyr. «Unadisutra» atly işinde awtor söz bilen morfemanyň 
arasynda tapawut goýýar.
Panininiň grammatikasynyň nusgasynda Wararuçi, Hemaçan-
dra (XIII a) tarapyndan prakritleriň grammatikasy (hindileriň sözleýşi) 
döredilýär. Grammatiki beýan edişiň merkezinde günorta buddizme 


44
hyzmat eden paliý dili durýar. Paliý dili boýunça işleriň awtorlary 
Kaççaýananyň, Sanghanandiniň, Brahmadatta Aýndranyň gram-
matiki mekdebiniň artykmaçlyklaryny nazarda tutýarlar. Ilkinji sözlükler 
peýda bolýar. Amarasimha (V a.) hindi leksikografiýasynyň ugurlaryny 
(many alamatlary boýunça toparlara bölmek, manydaş sözleriň tertibe 
salnan sanawy, köpmanyly sözleriň düşündirişleri, goşgy görnüşindäki 
sözlük makalalary) işläp düzýär. Soňky döwürlerde sözleriň birinji hem-
-de ikinji manylaryny tapawutlandyrmak, many birliginiň bölünmezligi 
boýunça sözleri bölmeklige üns berlip başlanylypdyr.
Hindi dil biliminde «mantra» düşünjesi hem peýda bolýar. Mant-
ra – maksada gönükdirilen dil işjeňliginiň merkezini bellemek bolup
aňladylyşyň we mazmunyň bütewiligidir.
Hususy dilçilik däpleri häzirki zaman hindi dil biliminde şu 
günlerde-de ulanylýar. Ýöne hindi alymlary, aýratyn-da olaryň gün-
batarly kärdeşleri sanskrit dili we beýleki hindi dilleri öwrenilende 
Günbataryň däplerine laýyklykda işlenilip düzülen deňeşdirme-
taryhy usulyny peýdalanmaga çalşypdyrlar. 
Gadymy Hindistanda dil biliminiň örän ýokary derejelere ýeten-
digi dünýä alymlary tarapyndan ykrar edilýär. Daniýaly meşhur dil-
çi W.Tomsen (1842-1927) gadymy hindi dil bilimini häsiýetlendirip 
şeýle ýazýar: «Dil biliminiň hindilerde baryp ýeten belentligi bütin-
leý adatdan daşary bir zatdyr, Ýewropada dil hakyndaky ylym şu be-
lentlige tä XIX asyra çenli galyp bilmedi, hatda şonda-da köp zatlary 
hindilerden öwrenip, şol derejä ýetdi» (A.Annanurow. Dil biliminiň 
esaslary, Aşgabat, 1971, 14-15-nji sah.).

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   17   18   19   20   21   22   23   24   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling