Umumy dil bilimi
Halyf Aly tarapyndan döredilendigini öňde belläp geçipdik. Abdu-
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Omar Beşir ibn Osman ibn Gammarydyr.
- Hamza al Ysfyhany
Halyf Aly tarapyndan döredilendigini öňde belläp geçipdik. Abdu-
laswad Halyfyň döreden grammatikasyny has-da kämilleşdiripdir. Uzyn we gysga çekimlileri belläpdir, sözleriň üýtgeýşi, söz ýasalyş barada birentek täzelikleri girizipdir. Arap dil biliminiň orta asyrlardaky iň ösen döwri VIII–XIII asyrlara degişlidir. Araplaryň dil biliminde döreden anyk usulyýet ugry öňki asyrlaryň dowamynda gazanylan üstünlikleriň jemi bolup durýar, edil hindi dil bilimindäki ýaly olar öz dilleriniň gurluşyna çuňňur aralaşypdyrlar hem-de dil hakyndaky ylmy köpsanly wajyp düzgünler bilen baýlaşdyrypdyrlar. Ilkinji kämil grammatiki işler gadymy siwilizasiýanyň mekany bolan Ýefrat hem-de Tigr derýalarynyň aralygynda ýerleşen Basra we Kufa şäherlerinde ýazylypdyr. Bu şäherlerde iki sany grammatiki mekdep döredilipdir. Grammatiki mekdepleriň arasynda uzak wagtyň dowamynda arap diliniň grammatikasy boýunça jedeller edilipdir. 30 Basra mekdebiniň wekilleri Gurhanyň diliniň nusgawy kadalaryny berk saklamagy talap edipdirler, Kufa mekdebiniň wekilleri bolsa, arap orfoepiýasynyň esasynda hijaz şiwesini goýup, gepleşik diline esaslanýan birtopar üýtgetmeleri girizipdirler. Basra mekdebiniň we- killeri söz we şekil ýasalyşda esasy birligi masdar diýip hasaplasa- lar, kufalylar öten zaman işlik şekili hasaplapdyrlar. Basra mekdebi- niň meşhur alymy Sibaweýhi (794-nji ý. aradan çykan) sintaksisiň, morfologiýanyň, fonetikanyň meselelerini özünde jemleýän «El ki- tap» atly meşhur işini döredipdir. «Sibaweýhi» sözüni arap dilçile- ri pars dilindäki «Sib» − alma sözi bilen baglanyşdyrýarlar. Sebäbi, Sibaweýhi gelip çykyşy boýunça pars milletindendir. Ýöne şeýle-de bolsa, ol öz pikirlerini arap dilinde örän çeper beýan edipdir. Onuň hakyky ady Omar Beşir ibn Osman ibn Gammarydyr. Sibaweýhi öz işinde gadymy şygyrlaryň (1000-den gowrak goşgudan), Gur- handan alnan mysallaryň üsti bilen grammatiki birliklere kesgitleme berýär. Sibaweýhiniň grammatikany şeýle gutarnykly ulgama sa- landygy soňky döwrüň arap dilçilerini hem haýran galdyrypdyr. Bu işde fonetikanyň meselelerine hem düýpli garalyp geçilýär. Sibaweýhi arap dilindäki sesleriň emele gelmeginiň 16 sany ornuny belläp, sesleri şoňa laýyklykda degişli toparlara bölüpdir. Araplaryň şol döwürdäki uly üstünlikleriniň biri, olaryň ses bilen harpy tapawut- landyryp bilmegidir. Ses bilen harpy tapawutlandyrmak meselesini Ýewropada biziň günlerimize çenli biri-birine garyşdyrýarlar. Sözleri toparlara bölmek meselesinde araplar Arastunyň (Aris- totel) pikirine eýerip, diňe atlary, işlikleri, ownuk bölekleri bel- läp geçipdirler. Arap diliniň fonetikasy morfologiýa we sintaksise garanyňda düýpli ösüpdir, munuň sebäbi Gurhany dogry okamagyň düzgünleriniň işlenilip düzülmegi bilen düşündirilýär. Arap dil biliminiň esasy aýratynlyklarynyň ýene biri arap dilçileriniň beýleki diller, ýagny mongol, türki, pars dilleri bilen gyzyklanmagydyr hem- de dilleri deňeşdirip öwrenmegidir. Ýöne näme üçindir, arap dilçileri türki dilleriniň esasy aýratynlyklarynyň biri bolan singarmonizme-çe- kimli sesleriň sazlaşygy kadasyna aýratyn üns bermändirler. Arap dil biliminde grammatika, fonetika näçe çuňňur öwrenilse-de leksikologiýa, has anygy, leksikografiýa ugrundan edilen işler ünsüňi çekýär. Araplar ägirt köp möçberde leksiki material ýygnapdyrlar 31 hem-de olary dürli görnüşlerdäki sözlükler boýunça toparlara bölüp- dirler. Olar arap diliniň söz baýlygyny has giňden açyp görkezmäge aýratyn üns beripdirler, meselem, gylyç sözüniň 500, ýolbars sözüniň 500, düýe sözüniň 1000 sany manydaş sözüni tapypdyrlar. X asyr dil- çisi Hamza al Ysfyhany «bela» sözüniň 400 sany manydaş sözü- ni sanap: «Bela sözüniň özi bela» diýip belläpdir. Arap dilçileri ene dilleriniň sözlüklerini düzmäge köp zähmet siňdiripdirler. Görnükli arap dilçisi Al-Firuzabady tarapyndan 60 tomluk söz- lük düzülipdir. Bu sözlük käbir çeşmelerde 100 tom diýlip bellenilýär. Ýöne sözlük saklanyp galmandyr. Şeýle-de bolsa Al Firuzabady şol sözlügiň esasynda «Kamus» atly başga bir sözlügi döredipdir. Arap dil biliminiň görnükli wekilleriniň biri hökmünde Halyl al Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling