61
bir lingwistik merkezleriň sanynyň köpelmegi bilen däl-de, şol bir
meseläni çözmekde dürli hili çemeleşýän şahsy, usulyýet lingiwistik
düşündirişleriniň emele gelmegi netijesinde-de düşündirmek bolar.
Leýpsig mekdebi (ýaş grammatikaçylar)
bilen bilelikde XIX
asyryň ahyrynda XX asyryň başynda Moskwa, Kazan, Ženewa mek-
depleri hem emele gelýär.
Kazan mekdebini 1875-1883-nji ýyllarda
Kazan, 1901-1916-njy ýyllarda Peterburg uniwersitetlerinde işlän
I. A. Boduen de Kurtene esaslandyrýar. Onuň işini
N. W. Kruşewskiý,
W. A. Bogorodiskiý soňky döwürlerde
L. W. Şer-ba, Ý. D. Poli-
wanow dowam etdirýär. Kazan dilçilik mekdebinde dil bilimleriniň
arasynda umumy dil bilimine aýratyn
orun berlip, sap (nazary) dil
bilimi bilen tejribe (praktiki) dil bilimini biri-birine gapma-garşy
goýýarlar. Esasan, fonema, ses gezekleşmelerine, morfemalara, onuň
görnüşlerine, morfologik hadysalara üns berilýär.
I.A.Boduen de Kurtene dili psihiki hadysa hökmünde düşündirýär.
Dil hadysalaryny beýniniň, onuň aýratyn bölümleriniň işiniň netije-
si diýip belleýär. Ol ylym üçin ýazuw ýadygärliklerinde duş gelýän
haýsydyr bir ýok bolup giden dil däl-de, häzirki geplenilýän janly dil
has wajypdyr diýen pikiri öňe sürüpdir. Ýöne şonda-da diliň häzirki
ýagdaýy bilen taryhy ösüşiniň arasyndaky gatnaşygyň möhüm äh-
miýetini öz ylmy barlaglarynda mydama üns merkezinde saklapdyr.
Do'stlaringiz bilan baham: