Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet31/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   27   28   29   30   31   32   33   34   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Ýakob Grimm 1819-njy ýyldan 1837-nji ýyla çenli aralykda çap 
edilen dört tomluk «Nemes grammatikasy» atly kitabyň awtorydyr. 
Kitabyň birinji tomy – fonetika, ikinjisi – morfologiýa, üçünjisi – söz 
ýasalyşa, dördünjisi – sintaksise degişlidir. Onuň esasy hyzmaty nemes 
diliniň taryhy grammatikasyny ylmy ýol bilen öwrenmegiň başyny 
başlamagyndadyr. Ý. Grimm nemes diliniň taryhyny beýan edende 
beýleki german dilleri bilen deňeşdirmäge ýygy-ýygydan ýüzlenipdir. 
Şonuň üçin-de ony deňeşdirme germanistikany esaslandyryjy hasa-
plaýarlar. Alymyň işinde gadymy german dilini dikeltmegiň geljekki 
üstünlikleriniň esaslary goýlupdyr.
Ý.Grimmiň dil bilimindäki bitiren hyzmatlarynyň biri hem onuň 


57
XIX asyryň görnükli dilçilerine eden täsiridir. Ol öz pikirleri bilen 
Awgust ŞlýeherGerman Paul, Ferdinand de Sossýur ýaly meşhur 
dilçileri-de haýran galdyrypdyr. Ý.Grimm dil bilimini – biologiýa, 
dili bolsa, janly organizme meňzedip şeýle diýipdir: «Eýsem, dilleriň 
görnüşleri özleriniň tükeniksiz diýen ýaly dürlüligi bilen ösümlik 
we haýwanat dünýäsindäki görnüşlere, hatda adamzadyň özüne hem 
meňzeş dälmi? Eýsem, dil oňyn şertlerde gülläp ösmeýärmi, hiç bir ta-
rapdan azar çekmeýän daragt ýaly dürli taraplara gol ýaýratmaýarmy?»
Grimm dildäki ses kanunlarynyň gutulgysyzlygyny inkär edýär. 
Ol bu kanunlaryň kadadan çykmalary bilmeýän tebigy kanun-
lar ýaly hereket etmeýändigi baradaky pikirini öňe sürýär: «Diller 
ýagtylygyň we agramyň kanunlary ýaly tebigatyň baky hem üýt-
gewsiz kanunlarynyň däl-de, adamlaryň başarjaň elleriniň täsirine 
düşdi. Olar halklaryň gülläp ösmeginiň netijesinde çalt ösýärdiler, şol 
halklaryň gazaply gödeklikleriniň netijesinde bolsa, öz ösüşlerinde 
durgunlyk döwri başdan geçirýärdiler.»
Ýakob Grimm hem öňe süren pikirleri bilen dilçileriň täze 
nesliniň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýe boldy. 

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   27   28   29   30   31   32   33   34   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling