Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
1. Sada sözler
2. Goşma sözler Sada sözler, «aklyk», «garalyk», «ynsan» we «haýwan» ýaly sözlerdir. Goşma sözler bolsa «ynsan bir jandardyr», «Amr akdyr» ýaly sözlerdir. Sada sözleriň arasynda barlyklaryň lakamy, ady aňladýanlary-da bardyr. Mysal üçin, Zeýd we Amr. Bulardan zadyň jynsyna we görnüşine görä aýrylanlar-da bar: ynsan, at, haýwan, aklyk we garalyk ýaly... Jynsyna we görnüşine görä, tapawutlanýan sada sözler ýa isim- lere, ýa sözsoňulara degişlidir. Arapçada isimleriň we işlikleriň erkek- lik, zenan (grammatik jyns-rod), birlik we köplük aňlatmak ýaly hä- siýetleri bar. Aýratyn-da, işliklerde zaman kategoriýasy bar. Ol öten zaman, häzirki zaman we geljek zamandan ybaratdyr. Her halkyň dilini öwrenýän dil bilimi 7 sany uly bölümden (jüz- den) ybaratdyr: 1.Sada sözleriň ylmy; 2.Goşma sözleriň ylmy; 3.Sözleriň sada halyndaky kanunlary; 4.Sözleriň goşma halyndaky kanunlary; 5.Dürs ýazmagyň kanunlary; 6.Dürs okamagyň kanunlary; 7.Şygry dogry okamagyň kanunlary. Many aňladýan sada sözleriň ylmy – zadyň jynslaryna we görnüşlerine esaslanýan, bu dile mahsus we oňa daşyndan giren 21 sözleriň nadir (köplügi -newadyr. Bir dilde seýrek ulanylyp, haýsy hem bolsa bir ylma mahsus bolan, termin görnüşinde duşsa-da, gepleşik diline girmedik sözlerdir) bolanlaryny we hemmeler tara- pyndan bilinýänlerini öwrenýär. Goşma sözleriň ylmy – bu halk arasynda goşulyşan görnüşde ga- bat gelýän sözleriň öwrenilişidir. Munuň düýp maksady şol halkyň ýazyjydyr şahyrlarynyň eserlerini we suhangöýleriniň aýdanlaryny nesilden-nesle geçirmekden hem-de gorap saklamakdan ybaratdyr. Goşma sözler uzyn, gysga, ölçegli, ölçegsiz bolup biler. Sada sözleriň ylmynyň kanunlary, ilkinji nobatda, sesleriň (hu- Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling