Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet6/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Farabynyň (873–930) dil bilimine bagyşlap ýazan aýratyn işi bize 
mälim bolmasa-da, onuň pelsepewi işlerinde dil biliminiň mesele-
leri barada gürrüň edilýän ýerlerine duş gelýäris. Alymyň işleriniň 
bellibir bölegi dil bilimine, suhangöýlige, çeper ýazuwa, şygryýete 
bagyşlanylypdyr. Farabynyň «Hatyň sungaty hakynda kitap», «Goşgy 
we suhangöýlik hakynda kitap», «Sözlükler hakynda» diýen işleri 
onuň dil bilimi bilen baglanyşykly köp meselelere degip geçendigini 
görkezýär. Al Faraby «Ylymlaryň bölünişi» diýen işinde ähli ylymlary 
5 topara bölüp, onuň bir bölegini dil bilimine bagyşlaýar. Beýik akyl-
dar grammatika, dil bilen mantygyň (logikanyň) aragatnaşygy, olaryň 
biri-birine täsiri, tapawudy hakynda pikir ýöredende uly täzeligi öňe 
sürýär. Bu ýerde mantyk kanunlary bilen grammatikanyň kanunlary 
deňeşdirilýär. Mantyk (logika) söze ähli halklar üçin umumylykda ga-
raýar, mantyk kanunlary ähli halklar üçin umumydyr, grammatiki ka-
nunlarda bolsa, haýsydyr bir halka mahsus bolan sözleriň aýratynlyk-
lary derňelýär. Faraby mantykdan (logikadan) tapawutlylykda, her bir 
halkyň özüniň dil aýratynlygynyň bardygyny nygtaýar. 
«Grammatikanyň ähli halklaryň sözleri bilen umumylygy 
ýokdur. Grammatikany düzýänler, haýsy dil üçin düzýän bolsalar, şol 
dilde bar bolan sözleri alýarlar. Mysal hökmünde Faraby grek we arap 
dilçileriniň aýdanlaryny ulanypdyr. Araplar: «Arap dilinde sözler ada, 
işlige, ownuk bölege bölünýär» diýýärler. Grek dilçileri hem sözleri 
şeýle bölümlere bölýärler. Ýöne arap dilçileri – ony arap, grek dilçi-
leri grek diliniň mysalynda ulanýarlar, olara mysallary şol dillerden 
alýarlar. Her bir dil oňa şol sözleriň öz dillerinde bolanlygy üçin se-
redýär. Grammatikadan tapawutlylykda, mantyk (logika) ähli halklaryň 


19
sözleri üçin umumy bolan düzgünleri belleýär. Ol hemme diller üçin 
umumy sözleri saýlap alýar, aýratyn halka degişli sözlere garamaýar» 
(Al Faraby, Ylym we paýhas hakynda. Alma-Ata, 1975, 78-nji sah.).
Biz şu ýerde Al Farabynyň «Ylymlaryň bölünişi» atly kitabynyň 
«Dil bilimi hakynda» atly bölümini türkmen dilinde ilkinji gezek 
hödürleýäris.

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling