Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet3/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Dil biliminiň taryhy
Türki dil bilimi
Türki dillerini öwrenmekde meşhur bolan alymlaryň biri hem 
XI asyrda ýaşan Mahmyt Kaşgarlydyr. Ol türki dilleriň deňeşdirme 
grammatikasynyň, leksikologiýasynyň esasyny goýdy, fonetikasy 
boýunça gymmatly maglumatlary galdyrdy. Mahmyt Kaşgarlynyň 
türki dil biliminiň ensiklopediýasy hasaplanylýan «Türki dilleriň di-
wany» (Diwany-lugat-et türk) sözlügi türki halklarynyň dil biliminde 
dilleri deňeşdirip öwrenmeklik ylmy edebiýatda XI asyrdan, ýagny 
Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany» sözlüginden başlanýar 
diýlip hasap etmäge mümkinçilik berdi (N.A.Baskakow, Türki dil-
leri öwrenişe giriş, M, 1962, 61-nji sah.). Hakykatdan-da, sözlükde 
türki dilleriniň birnäçesine deglip geçilýär. Ol gyrgyz, gypjak, oguz, 
ýagma, çigil taýpalarynyň dillerini biri-birine has ýakyn hasaplaýar. 
Mahmyt Kaşgarly sözlükde sözleri sözüň düzümindäki harplaryň 
sanynyň artyşy boýunça ýerleşdirýär. 
Mahmyt Kaşgarlynyň sözlügi K.Brokkelman tarapyndan arap di-
linden nemes diline terjime edilip, 1928-nji ýylda Leýpsigde, Besim 
Atalaýyň terjime etmeginde türk dilinde, 1939-njy ýylda Ankarada, 
S.Mutallibow tarapyndan özbek diline terjime edilip, 1960–1963-nji 
ýyllarda Daşkentde çap edilýär. Soňky ýyllarda sözlük dürli dillerde 
onlarça gezek neşir edildi.
Belli türkmen alymy Sapar Ahallynyň «Mahmyt Kaşgarlynyň 
sözlügi we türkmen dili» (Aşgabat, 1958) atly meşhur işinde-de söz-
lük barada giňişleýin maglumatlar berilýär.
Türkmen diliniň we onuň kowumdaş dilleriniň uly dil 
hazynasynyň biri Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany» 
sözlüginiň golýazmasy 638 sahypadan ybaratdyr. Mahmyt Kaşgarly 


13
ony 1071–1074-nji ýyllarda ýazýar (S.Ahally. Mahmyt Kaşgarlynyň 
sözlügi we türkmen dili, Aşgabat, 1958, 9-njy sah.). Bu iş, esasan, 
sözlükden ybarat hem bolsa, käbir sözler düşündirilende, grammatiki 
kadalara, sözleriň gelip çykyşyna hem deglip geçilýär. Sözlükde türki 
halklaryň bir toparynyň adynyň gelip çykyşy barada berilýän maglu-
matlara-da duş gelmek bolýar. Mahmyt Kaşgarly «türkmen» sözüniň 
gelip çykysy hakynda hem maglumat beripdir. 
«Diwanyň» teksti aýratyn sözleri, olary düşündirmek üçin ge-
tirilen gysgaça söz birikmelerini öz içine alýar, şeýle-de sözlükde 
käbir grammatiki kadalar barada hem bellenilip geçilýär. Mahmyt 
Kaşgarlynyň ýazmagyna görä, onuň «Türki dilleriň sintaksisiniň 
göwherleriniň kitaby» diýen işi hem bolupdyr. Ýöne ol kitap biziň 
günlerimize gelip ýetmändir.
Türkmenleriň taryhyň dürli döwürlerinde dil bilimi babat-
da döreden ajaýyp işlerine, sözlüklerine köp wagtyň dowamynda 
umumy türki işler hökmünde baha berlip gelindi. Häzirki wagtda 
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli Golýazmalar insti-
tuty dünýäniň dürli künjegine düşen ruhy baýlyklarymyza degişli 
maglumatlary ýygnap, halkymyza ýetirýär. Hut şu babatdan-da biz 
öň türki dillere degişli diýlip hasaplanylan işleri türkmen diline ýa-da 
beýleki diller bilen türkmen diliniň deňeşdirilmesine bagyşlanylan 
diýip arkaýyn aýdyp bilýäris.
Gündogarda «Fahru Hwarazm» (Horezmiň hormaty) diýlip ta-
nalýan Abulkasym Jarullah Mahmyt ibn Omar ibn Muhammet 

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling