Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet7/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Dil bilimi hakynda
(Bu bölümdäki pikirlere oňat düşünmek üçin, ilki bilen, arap 
diliniň we onuň grammatikasynyň esas edilip alnandygy göz öňüne 
tutulmalydyr.)
Dil bilimi, umuman, iki kysymdan (bölekden) ybaratdyr:
1.Islendik bir halkyň durmuşyna degişli many aňlatmaga 
gatnaşýan sözleri ýat tutmak we her biriniň hyzmatyny öwrenmek.
2.Sözleriň «kada kanunlaryny» (kadalaryny) bilmek.
Her synagatda («synagat» – bu sözi Faraby ylym bilen möhüm 
baglanyşygy bolan işler we amaly manysynda ulanypdyr. Ýagny her 
ylym diňe nazary tarapdan öwrenilse «ylym», amaly-tejribe bilen 
utgaşdyrylyp, peýdalary bilen derňelse synagatdyr. Şonuň üçin hem 
mantyk (logika) synagaty, medisina synagaty, binagärlik synagaty 
diýilýändir. Bu söz Ibn Sinada hem şol manyda, hatda metafizika we 
pelsepe manysynda-da ulanylypdyr. Ýöne filosof onuň manysyny açyp 
görkezmändir) kadalar bitewi, ýagny tutuşlaýyn sözler (söz düzümle-
ri) bolup, olaryň her biri özbaşdaklykda bu synagata degişli birnäçe 
zatlary – aňlatmalary öz içine alýar.
Bir synagatdaky kanunlar ýa özüne degişli bolmadyklary içine 
almazlyk ýa-da degişlileri daşynda galdyrmazlyk maksady bilen şol 
synagatdaky zatlary jemlemek üçin hasyl edilendir. Olar käwagt bir 
kişiniň bu babatda ýalňyşanyny ýa ýalňyşmandygyny barlamak üçin, 
ýa bolmasa bu synagatyň öz içine alan zatlaryny öwrenmek we ýat 
tutmak aňsat bolar ýaly taýýarlanandyr.
Köp duşýan ýeke-täklikleriň ynsanyň ruhunda bellibir tertip 
boýunça hasyl bolan kanunlarynyň jeminden synagatlar hasyl bolar.
Her bir synagatda kanun bolan islendik söz kada bolmak bilen 
birlikde agzalýan zadyň biri ýa-da bary üçin taýýarlanandyr. Şonuň 


20
üçin hem alymlar we filosoflar bir jismiň sany ýa-da hili, şeýle-de 
başga bir aýratynlygy nazara alnanda, duýgularyň ýalňyşmagyna se-
bäp boljak päsgelçilikleri ýeňmek üçin edilen dürli ölçeg gurallary-
na we terezilere «kanunlar» diýerdiler. Hasap jedweline ýa ýyldyzlar 
üçin taýýarlanýan astronomik jedwellere-de kanunlar diýilýär. Edil 
şonuň ýaly hem uly we galyň kitaplardan ýatda galmak üçin edilen 
gysgaltmalara-da (gysgyldylan kitaplar) kanunlar diýip bolar. Sebäbi 
az möçberdäki zat köp düşünjeleri öz içine alýar. Şeýlelik bilen hem 
sanlyja zady öwrenip, giň düşünjeleriň magadyna ýetip bolar.
Indi esasy tema gaýdyp geleliň.
Her halkyň dilindäki many aňladýan sözler iki kysymdan – iki 
hilden ybaratdyr.

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling