Umumy dil bilimi
ibn Omar ibn Ahmet Zamahşary Horezmidir
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- -my, -mi goşulmalaryň we kim, näçe, haçan, niçik
ibn Omar ibn Ahmet Zamahşary Horezmidir. Bu beýik alym
1075-nji ýylyň 19-njy martynda (467-nji hijri ýylynyň rejep aýynyň 27-sine) häzirki Görogly etrabynyň Zamahşar (Yzmykşir) obasynda dünýä inýär (Mahmyt Zamahşary, Ýagşyzadalaryň bahary, Aşgabat 2004, 318-nji sah.). Mahmyt Zamahşary ýaşlyk ýyllaryndan ylma uly höwes bildir- ýär. Ilkinji sowady öz kakasyndan alan alym soň Köneürgençde, Buharada ylmyny artdyrýar. Ylymda has-da çuňluklara ýetmek üçin Yspyhanda, Bagdatda, Mekgede, Merwde, Nişapurda, Şamda, Hijaz- da, Yrakda ylmyň, medeniýetiň ösen ýerlerinde okaýar. Beýik alym soňky nesiller üçin örän uly ylmy baýlygy miras galdyrypdyr. Onuň sözlük düzülişe, geografiýa, edebiýata, goşgy düzüliş kadalaryna, dini ylymlara degişli altmyşdan gowrak ylmy işi mälimdir. 14 Mahmyt Zamahşarynyň dil bilimi bilen baglanyşykly işlerine «Esasul-belaga» (Çeper sözleýşiň esaslary), «El-mufassal fin-nahw» (Nahwda (sintaksisde) baplara bölüji), «El-mufrad wel-muellef fi-n- nahwi» (Grammatikada birlik we köplük san), «Mugjemul-arabi wel- farsi» (Arapça-parsça sözlük) ýaly birentek işlerini goşmak bolar. Diliň grammatikasyny öwrenmekde edilen esasy işleriň biri hökmünde Mahmyt Zamahşarynyň «El-mufassal» işini görkezmek bolar. Bu iş Mekgede bir ýarym ýylyň dowamynda ýazylýar. Ol bu işi 1121-nji ýylda tamamlapdyr diýlip hasaplanylýar. Kitapda arap diliniň morfologiýasy we sintaksisi hakynda gymmatly pikirler bar. «El-mu- fassalda» grammatika söz toparlary − atlar, işlikler, goşulmalar arkaly öwrenilýär. Işiň her bir bölüminde morfologiýanyň we sintaksisiň meseleleri özara baglanyşyklylykda derňelipdir. Fonetika barada hem durlup geçilipdir. Mahmyt Zamahşary «Mukaddymatul-edep» (Dil bilimine giriş) kitabyny 1137-nji ýylda ýazyp gutarypdyr. Alym bu işinde öz döwrün- de ulanylan sözleri jemlemegi, sözlük görnüşine getirmegi, olaryň etimologiýasyny öwrenmegi maksat edinipdir. Kitap bäş bölümden ybarat bolup, atlar, işlikler, ownuk bölekler, ýöňkemeler, zamanlar ýaly bölümlere bölünýär. Gündogary öwreniji alym W.W.Bartoldyň kesgitlemegine görä, bu sözlügiň türkmen diline degişli bölegi XII-XIII asyrlaryň türkmen edebi dilini şöhlelendirýär (N.A.Baskakow, Türki dilleri öwrenişe giriş, M, 1962, 63-nji sah.). Watandaşlaryny arap diliniň baý sözlük düzümi bilen tanyşdyrmak maksady bilen ýazylan «Mukaddymatul-edep» kitaby uly meşhurlyk gazanýar. Zamahşary bu işini ylmyň we alymlaryň howandary Abul- muzaffar Atsyza (1127–1156) bagyşlapdyr. Iş barada W.W.Bartold şeýle diýýär: «Zamahşarynyň kitabyna girizilen tehniki aňlatmalaryň hem-de medeni ýagdaýlar bilen baglanyşykly sözleriň sanynyň örän köplügi sebäpli, ol diňe bir dil babatdan däl-de, medeniýetiň taryhy taýyndan-da uly gyzyklanma döredýär. Ýerleriň atlary hakyndaky bölüm has-da özüne çekijidir. Ýabany haýwanlar, ädikçilik, jen- net, dolandyryş we ş.m hakyndaky bölümler hem bar». Bu işiň doly bolmadyk gadymy türki dilindäki teksti 1897-nji ýylda W.Wýatkin tarapyndan Russiýanyň Ylymlar akademiýasyna sowgat berlipdir. 15 «Mukaddymatul-edebiň» 570 sahypadan ybarat doly möçberi atlar, işlikler, ownuk bölekler, ýöňkemeler, şahslar diýlip atlandyrylýan bäş bölümden ybaratdyr. Zamahşary özüniň grammatiki we leksikografik işlerinde materi- allary mümkin boldugyndan gysylan görnüşde, ýöne mazmun taýdan giň beýan etmäge çalşypdyr, çeper eserlerinde bolsa çylşyrymly stili, sazlaşykly jümleleri peýdalanmak bilen, arap dilinde seýrek ulanyl- ýan sözleri, baý manydaşlygy (sinonimikany) ulanypdyr. Türkmen halkynyň beýik ogly, dünýäniň belli alymlarynyň biri hasaplanylýan Mahmyt Zamahşarynyň döredijiligi köptaraplylygy, çäginiň giňligi bilen tapawutlanýar. Alymyň ýiti talantyny pikir babat- dan garşydaşlary-da ykrar edipdirler hem-de ony «Araplaryň we arap dälleriň mugallymy» diýip atlandyrypdyrlar. Bu bolsa Zamahşarynyň işlerine berlen beýik bahadyr. XIII asyra degişli bolan «Türkmençe we arapça» (Kitaby terju- man türki we ajemi we magoly we farsi) terjime sözlügi barada ylmy edebiýatda agzalyp geçilýän bolsa-da (N.A.Baskakow, «Türki dilleri öwrenişe giriş», M., 1962, Z.B.Muhammedowa, «XI–XIV asyrlar türkmen diliniň taryhy boýunça barlaglar», Aşgabat, 1973), giňişleýin maglumat berilmeýärdi. 1997-nji ýylda Türkmenistanyň Milli Golýaz- malar instituty tarapyndan bu sözlügiň halk köpçüligine ýetirilmegi netijesinde ol barada giňişleýin gürrüň etmäge mümkinçilik döredi. Bu sözlük 1894-nji ýylda Günbataryň belli alymy M.T.Howstma tarapyndan çap etdirilipdir. Kitabyň umumy möçberi 76 sahypadan ybarat bolup, onuň 62 sahypasy türkmençe-arapça, galan 14 sahypasy bolsa mongolça-parsça sözlükden ybarat. Sözlük 1245-nji ýylyň 28- nji ýanwarynda (643 ý. 27-nji şaban) tamamlanylypdyr. Awtor kitap- da türki dilleriň birnäçedigini aýtsa-da, diňe gypjakçany hem-de türk- mençäni agzaýar. Biziň pikirimizçe, kitap Müsürde ýazylan bolmaly. Onuň ýazylmagynyň sebäbi bolsa, Müsürde araplara türkmençäni öwretmegiň zerur bolanlygyndan gelip çykýar. Memluk-türkmenler köp wagtyň dowamynda Müsürde hökümdarlyk edipdirler, olaryň 1250–1257-nji ýyllardaky soltanynyň Aýbeg atly türkmendigini türk taryhçylary tassyklaýarlar. Sözlügiň golýazmasy 4 sany uly bölümden durýar. 1-nji bölüm 26 bapdan ybaratdyr. Her babyň başlanýan ýerin- de oňa girýän sözleriň tematikasy esasynda at goýlupdyr. Meselem, 16 asman jisimleri, agaçlar, ir-iýmişler, wagşy haýwanlar, öý goşlary, adamyň görünýän beden agzalary, adamyn häsiýeti we ş.m. Söz- lükdäki türkmençe diýlip bellenen sözler belli derejede ses özgerme- lerine sezewar bolupdyr. Kitabyň ikinji babynda arapça we türkmen- çe işlikler berlipdir. Işlikler buýruk şekilinde bolup, arap elipbiýiniň berk tertibinde ýerleşdirilipdir. Üçünji bölümde işlikleriň ýöňkeme bilen üýtgeýşine üns çekil- ýär. Şonda arap dili bilen türki dilleriň arasyndaky tapawutlara we meňzeşliklere seredilip geçilipdir. Awtor, ilkinji nobatda türki diller- de sözler ulanylanda aýaly we erkek adamy aňlatmak üçin gram- matik alamatyň ýokdugyny, jyns aňladylmanyň bolmaýandygyny tekrarlaýar. Şeýle hem köplük san üçin arap dilindäki ýaly däl-de, türki dilde birden köp bolmagyň ýeterlikdigini nygtaýar. Şu ýerde bir bellemeli zat, ol hem sözlügiň awtorynyň türki dildäki işlikleriň ählisini üç sany kökden alyp gaýdýanlygydyr. Bu bölümde ýokluk aňladylýan goşulmalara hem seredilip geçilýär. Dördünji bölümde türki dillerde, şol sanda türkmen dilinde ulanylýan söz böleklerine, goşulmalara garalyp geçilýär. Sorag sözleminiň aňladylyşy-my, -mi goşulmalaryň we kim?, näçe?, haçan?, niçik?, sözleriniň getirilme- gi bilen beýan edilipdir. Umuman, sözlügiň 4-nji bölümi grammatika bagyşlanylypdyr. Ondaky berilýän maglumatlar häzirki zaman türk- men dilinden hiç hili tapawutlanmaýar diýen ýalydyr. XIII asyryň ortalarynda XIV asyryň kyrkynky ýyllarynda ýaşan Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling