Sapagyň temasy:
|
Informasiýanyň mukdary.
Informasiýanyň mukdaryny hasaplamak.
|
Sapagyň maksatlary:
|
|
1)Bilim berijilik maksady:
|
Informasiýanyň mukdary.Informasiýanyň mukdaryny hasaplamak barada umumy düşünje bermek.
|
2) Terbiýeçilik maksady:
|
Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek,informatika dersine söýgi döretmek.
|
Sapagyň görnüşi:
|
Täze maglumatlary öwretmek sapagy.
|
Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:
|
Sanly serişdeler, kompýuter, interaktiw tagta, slaýdlar, tanyşdyrmalar.
|
Sapagyñ gidişi:
1. Sapagyň guramaçylyk döwri:
1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.
3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak, soramak:
Geçilen temalara degişli sorag-jogap alyşmak :
1. Siz nähili zyýanly programmalary bilýärsiňiz?
2. Faýl wiruslary barada näme bilýärsiňiz?
3. Tor wiruslary näme?
4. Prezentasiýany kompýuteriň ýadynda nähili saklap bolýar?
5. Prezentasiýany nähili çap edip bolýar?
3. Geçilen temany jemlemek:
Okuwçylaryň informatika dersine degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.
4. Täze temany düşündirmek:
Temany düşündirmegiň meýilnamasy:
1. Informasiýanyň mukdary.Informasiýanyň mukdaryny hasaplamak barada umumy düşünje bermek.
2. Kompýuterleriň apparat we programma üpjünçilikleri.
3. Algoritmleşdirmegiň we programmalaşdyrmagyň esaslary.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:
- algoritmiki-logiki pikirlenmegi;
– amaly programma üpjünçiligi bilen işlemegi;
- informasion medeniýetliligi.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:
- kompýuterde işlenende syçan, klawiatura bilen işlemegi;
– öwrediji we ösdüriji kompýuter programmalary bilen işlemegi;
- meseleler çözülende algoritm düzmegi;
Informasiýanyň mukdary.Informasiýanyň mukdaryny hasaplamak.
Adamlaryň informasion işi esasy informasion prosesleri (informasiýany toplamak, saklamak, geçirmek, işläp taýýarlamak we gözlemek) ulanmak bilen baglanyşyklydyr. Şeýle bolansoň, bu işde informasiýanyň mukdaryny kesgitlemegi başarmak möhümdir. Haýsydyr bir ululygy ölçemek üçin onuň ölçeg birligini bilmek zerurdyr. Meselem, massanyň ölçeg birligi kilogramda, wagt ölçeg birligi sekuntda, uzynlyk ölçeg birligi metrde ölçenilýär. Informasiýany nähili ölçemeli? Bu sorag onuň takyk kesgitlemesiniň ýoklugy sebäpli çylşyrymlydyr. Informasiýanyň mukdaryny kesgitlemek, köplenç, aşakdaky iki görnüşe eýedir:
• elipbiý çemeleşme görnüşinde. Bu çemeleşme görnüşde informasiýanyň mukdary belgileriň yzygiderligine bagly;
• mazmun (ähtimallykly) çemeleşme görnüşinde. Bu çemeleşme görnüşde informasiýanyň mukdary onuň mazmunyna bagly.
Do'stlaringiz bilan baham: |