A. soatow, A. Abdulkasimow, M. Mirakmalow
Download 4.19 Kb. Pdf ko'rish
|
raýonlara we tebigy zolaklara bölünýär.
Tebigy zolaklar özboluºly klimaty, toprak örtügi, ösümlik we haýwanat dünýäsine eýe bolan gury ýeriò iri tebigy toplumlarydyr. Olaryò atlary köpräk ösümlik örtügi bilen baglanyºyklydyr. Her bir klimat guºaklygynyò özboluºly tebigy zolaklary emele 28 gelendir. Meselem, aram klimat guºaklygynda 70° gd.u. (gündogar uzynlyk) meridiany boýunça iòòe ýaprakly tokaýlar (taýga), gatyºyk yokaýlar, giò ýaprakly tokaýlar, tokaý-sähra, ýarymçöl we çöl tebigy zolaklary ýerleºýär. Klimat guºaklygyò içinde tebigy zolaklar okeanyò kenarlaryndan gury ýeriò içersine tarap, ygal kemeldigi saýyn çalºyp durýar. ªonuò üçin hem çöl tebigy zolak aram, subtropik we tropik klimat guºaklyklarynyò orta böleginde duºýar. Tebigy toplumlaryò döwürliligini geografik giòlikler boýunça der- òemek bolar. Ähli tebigy toplumlar, ýagny klimat guºaklyklary we tebigy zolaklar ekwatordan iki polýusa tarap kanuny ýagdaýda çalºyp durýar. Muòa, ilkinji nobatda, klimat ºertleri sebäpdir. Daglarda tebigy toplumlar dagyò eteginden depesine tarap gezek- leºýär. Daglardaky tebigy toplumyò, ýagny beýiklik: guºaklyklarynyò köp ýa-da az bolmagy ºu daglaryò geografik ýerleºiºine, beýikligine, ýelleriò ugruna, okeanlardan uzak ýa-da ýakynlygyna bagly bolýar. Dag ekwatora näçe ýakyn we beýik bolsa, ondaky tebigy toplumlar ºonça köp bolýar we gezekleºip gelýär. Okeanlarda TT-lary özboluºly aýratynlyklara eýe bolup, olar köplenç suwuò temperaturasyna, ºorlugyna, akymlaryò yssy ýa-da sowuklygyna bagly. Dünýä okeanynda 11 sany tebigy guºaklyk tapawutlandyrylýar: bir sany ekwatorial, iki-ikiden polýar, polýuse- tek, aram, subtropik we tropik guºaklyklar giòlik boýunça çalºyp ýerleºýär. Adamyò hojalyk iºi netijesinde özgerdilen TT-lara antropogen kompleksler ýa-da landºaftlar diýilýär. Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Tebigy toplum, tebigat komponentleri, tebigy zolaklar, beýiklik guºaklyklary, zolaklylyk, giòiºleýin zolak kanunalaýyklyklary. Barlag üçin soraglar 1. Tebigy toplum diýende nämäni düºünýärsiòiz? 29 2. Nähili sebäplere görä tebigy zolaklar emele gelýär? 3. Beýiklik guºaklyklarynyò sany nämelere bagly? Amaly ýumuºlar 1. Tebigy zolaklary sudury karta geçiriò we olaryò atlaryny ýazyò. 2. Depderiòize klimat guºaklyklary boýunça tebigy zolaklary bellik ediò. 12- §. Ýer ýüzüniò ilaty, jynslar Ýer ýüzüniò ilaty, jynslar. Ilat sany jemgyýetiò durmuº-ykdy- sady ösüºiniò dowamynda ösüp gelipdir. Meselem, eramyzyò baº- larynda 230 mln, 1 000-nji ýylda 305 mln, 1 500-nji ýylda 440 mln adama ýetipdir. Ahyrky müò ýyllykda ilatyò iki esse köpelmegi üçin 600 ýyl gerek bolan bolsa, ikinji gezek iki esse köpelmegi üçin 230 ýyl, üçünjisine 100 ýyl we dördünjisine 40 ýyl gerek bolupdyr. Birleºen Milletler Guramasynyò maglumatlaryna görä, Ýer ýüzüniò ilaty 2016-njy ýylyò ortalarynda 7 mlrd 400 mln-dan geçdi. Ilat sany iò köp (100 mln-dan artyk) ýurtlar Hytaý, Hindistan, ABª, Indoneziýa, Braziliýa, Päkistan, Nigeriýa, Bangladeº, Russiýa, Meksika, Ýaponiýa we Filippin. XX asyryò 60-njy ýyllarynda demografik partlama, ýagny ilatyò örän çalt depginler bilen artýandygy anyklandy. Ilatyò artmagy Afrika, Aziýa we Amerika ýurtlarynda ýokary bolsa, ençeme Ýewropa ýurtlarynda görkezijiler pes. Dünýä ilaty esasan üç sany uly jynsa degiºli. Bular ýewropeoid, mongoloid we negroid. Bu esaasy jynslaryò aralygynda köp aralyk (gatyºyk) jynslar bar. Ilatyò ýerleºiº aýratynlyklary. Dünýä ilatynyò biendigan ýaýran- lygyna ýurtlaryò geografik ýerleºiºi, tebigy ºerti, taryhy taýdan ösüºi, 30 durmuº-ykdysady ösüºi, tebigy baýlyklar bilen üpjünçiligi ýaly fak- torlar täsir edýär. Dünýä ilatynyò esasy bölegi deòiz we okean kenarlaryna ýakyn aralykda ýaºaýar. Muòa sebäp tebigy ºertiniò ýaºamak üçin amat- lylygy, iò arzan deòiz transportyna ýakyn bolanlygy, iò iri deòiz port- ºäherleriniò döränligi bilen bagly. Ýer ýüzünde ilat güp ýerleºýän dört sany iri çäk ºekillenen. Bular: Günorta Aziýa, Gündogar Aziýa, Günbatar Ýewropa we Demirgazyk Amerikanyò gündogar bölegi. Munuò faktorlary tebigy ºertiò amatlylygy, hojalygyò gowy ösenligi we gadymdan ilat ýaºap gel- ýänligidir. Tebigy baýlyklar we olaryò adam üçin ähmiýeti. Adam özüniò gündelik isleglerini kanagatlandyrmak maksadynda tebigatyò baý- lyklaryndan peýdalanmaga mejbur. Tebigatyò baýlyklaryny esasy bäº topara bölmek mümkin: mineral, klimat, suw, ýer we biologik baý- lyklar. Ilatyò ýaºamagy üçin ýangyç, magdanly we magdan däl mineral baýlyklar zerur. Olarsyz jemgyýetiò durmuº-ykdysady ösüºini göz öòüne getirmek kyn. Magdanly gazylyp alynýan peýdaly zatlara de- mir, mis, almaz, altyn, uran we baºgalar, magdan däl mineral baýlyklara kükürt, fosforit, ahar duzy we baºgalar girýär. Adamzadyò oba hojalyk önümlerine bolan talabyny kanagat- landyrmak hem-de tebigatyò gujagynda dynç almagy (rekreasiýa) üçin klimat baýlyklarynyò ähmiýeti çäksiz. Hojalykda iò köp peýdalanylýan tebigy baýlyk suw hasaplanýar. Suw bar ýerde ýaºaýyº bar, Suw gutaran ýerde ýaºaýyº tog- taýar, diýen halk nakyllary suwuò bibaha tebigy baýlykdygyny delil- lendirýär. Ekerançylygy ösdürmekde hasylly topraklaryò ähmiýeti iòòän uludyr. Belli bir çägiò haýwanat dünýäsi we ösümlik örtügi biologik baý- lyklary düzýär. Bu baýlyklaryò iò möhüm aýratynlygy olary gaýtadan dikeltmek mümkinligidir. 31 Ilatyò tebigat bilen baglylygy. Adam öz zerurlyklary üçin zerur bolan ähli zatlary tebigatdan alýar. Netijede, tebigata mälim derejede täsir edýär. Bu bolsa dürli tebigy toplumlaryò ºekillenmegine getirýär. Tebigy toplumlar adamyò täsiri derejesine görä üç topara bö- lünýär: 1. Tebigy landºaftlar. 2. Tebigy-antropogen landºaftlar. 3. Antro- pogen landºaftlar. Tebigy landºaftlar diýende adamlar tarapyndan peýdalanylmaýan çäkleriò landºaftyny düºünýäris. Olara Antarktida, Demirgazyk Buzly okeandaky hemiºelik buzluklar we adalar, belent daglar, çöller, gür tokaýlar mysal bolup biler. Tebigy-antropogen landºaftlar tebigy we antropogen landºaftlaryò aralygynda döreýär. Olara ýaýlaglar, düme ýerler girýär. Antropogen landºaftlar adamlaryò hojalyk iºiniò täsirinde özgeren tebigy landºaftlar bolup, olar Ýeriò üstünde giò ýaýrandyr. Ilatly punktlar oba we ºäherler antropogen landºaftlaryò nusgasy hasaplanýar. ªäherler landºafty ilki 5 4 müò ýyl öò gala ºäher, ºäher-döwlet hökmünde ºekillenip baºlapdyr. Tebigaty we tebigy resurslary goramak maksadynda goraghanalar, buýurma mesgenleri, milli baglar döredilýär. Ýitip gitmek howpy astynda bolan ösümlikler we haýwanat älemi Gyzyl kitaplara girizilýär we aýratyn goralýar. ªeýle çäreler ýeke-täk umumy öýümiz Ýeriò tebigatyny we adamlaryò saglygyny goramak üçin hyzmat edýär. Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Ýer ýüzüniò ilaty, demografik partlama, Günorta Aziýa, Gündogar Aziýa, Günbatar Ýewropa, Demirgazyk Amerika, jyns. Barlag üçin soraglar 1. Ilat sany iò köp bolan ýurtlar haýsylar? 2. Tebigy baýlyklaryò adam üçin nähili ähmiýeti bar? 3. Antropogen landºaftlar näme? 32 7- nji surat. Okeanlar ýarymºary. Amaly ýumuºlar 1. Atlasdan peýdalanyp, ilaty iò gür ýerleºýän çäklerini anyklaò. 2. Kartadan peýdalanyp, ilatyò biendigan ýaýranlygynyò sebäplerini düºündiriò. OKEANLARYÒ TEBIGATY 13- §. Dünýä okeany we onuò bölekleri Dünýä okeany. Alymlaryò pikirine görä, okean adalgasy finikiýalylaryò sözünden alnan bolup, grekçe kenarsyz deòiz, Ýeri aýlanyp akýan beýik derýa, diýen manyny aòladýär. Dünýä okeany adalgasyny rus alymy Ý. M. ªokalskiý 1917-nji ýylda ylma girizipdir. Ýer ºarynyò üznüksiz suwly gabygy Dünýä okeany diýlip atlan- dyrylýar. Dünýä okeany Ýer ºarynyò 361 mln. km 2 meýdanyny eýeleýär. Suw Ýer üstüniò Demirgazyk ýarymºarda 61 %-ini, Günorta ýarym- ºarda 81 %-ini örtýär. Ýeri Demirgazyk, Günorta, Günbatar we Gündogar ýarymºarlara bölünmeginden daºary, ýene okeanlar ýarym- ºary we materikler ýarymºaryna hem bölünýär. Okeanlar ýarym- ºarynda Ýer üstüniò 90,5 % bölegini suw örtýär (7- nji surat). Dünýä okeanynynyò öwreniliº taryhy. Beýik geografik açyºlar döwründen (XV asy- ryò ikinji ýarymy XVII asyryò birinji ýarymy) baºlanýar. Bu döwürde H. Kolumb, J. Kabot, Wasko da Gama, Amerigo Wespuç- çi, F. Magellan, F. Dreýk, W. Ýanszon, A. Tas- man we baºgalar Dünýä okeanynda ýüzüp, möhüm açyºlar etdiler. ªonuò bilen birlikde, 33 akymlar, materik we adalar, gury ýer kenarlary, suwuò ºorlugy, tem- peraturasy, haýwanat dünýäsi barada gymmatly maglumatla- ry topladylar. XVII XIX asyrlarda okeany öwrenmek ylmy çeme- leºme esasynda alnyp baryldy. ªol sanda, J. Kuk, I. W. Kruzenºtern we Ý. F. Lisýanskiý, F. F. Bellinsgauzen we M. P. Lazarew, S. O. Makarow, Çellenjer gämisiniò agzalary Dünýä okeanynyò geo-grafiýasy üçin iò zerur maglumatlary topladylar. Meselem, Çellenjer ekspedisiýasynyò netijeleri Okeanografiýa ylmyna esas boldy. XX asyrdan baºlap mahsus deòiz guramalary düzülip, Dünýä okeanyny halkara hyzmatdaºlyk esasynda öwrenmek iºleri ýola go- ýuldy. 1920-nji ýyldan soò okean suwlary çuòlugy boýunça öwrenilip baºlandy. 1960-njy ýylda fransuz Jan Pikar Mariana çöketligini zabt etdi. Indi gämiler häzirki zaman gurallary bilen enjamlaºdyryldy, kosmik gämilerden alnan suratlar deròelýär. Dünýä okeanynyò bölekleri deòiz, aýlag, bogazlardan ybarat. Okeanlar bir-birinden geografik ýerleºiºi, geologik gurluºy, biologik aýratynlyklary bilen tapawutlanýan bir bitewi tebigy toplumlardyr. Deòizler okeanyò bir bölegi bolup, olar Dünýä okeanyndan gury ýer ýa-da adalar, ýarymadalar we suwasty relýefiniò ýokary galan ýerleri bilen tapawutlanýar. Özüniò geografik ýerleºiºi we bas- seýnleriniò aýratynlygyna garap 3 görnüºe bölünýär: 1) materikleriò arasyndaky deòizler; 2) materigiò içersindäki deòizler; 3) çet deòizler. Okeanyò (deòiz ýa-da kölüò) gury ýeriò içersine girip durýan bölegine aýlag diýilýär. Bengaliýa, Meksika, Gudzon, Uly Awstraliýa, Alýaska ýaly aýlaglar iò uly aýlaglardyr. Okeanlary (deòiz ýa-da kölleri) bir-biri bilen goºup durýan dar suwa bogaz diýilýär. Bulara Dreýk, Mozambik, Gibraltar, La-Manº we baºgalar mysal bolup biler. Dünýä okeanyny birinji bolup niderland alymy B.Werenius 1650- nji ýylda bäº okeana bölüpdir (Ýuwaº, Atlantik, Hin-di, Demirgazyk we Günorta Buzly okeanlary). Soòluk bilen, barlagçylar ony üç (Ýuwaº, Atlantik, Hindi), dört (Ýuwaº, Atlantik, Hindi, Demirgazyk 3 A. Soatow, A. Abdulkasimow, M. Mirakmalow 34 Buzly) okeanlara bölüpdirler. Häzirki wagtda bäºinji Günorta Buzly okeany hakynda hem pikirler bar. Dünýä okeanynda jemi 67 sany, gury ýerde bolsa 2 sany (Kaspi we Aral) deòiz bar (8- nji surat). 67 8- nji surat. Dünýä okeany we onuò bölekleri. Araçäkler: a okeanlar; b deòizler. Atlantik okeanyò deòizleri: 1. Baltika. 2. Demirgazyk. 3. Irlandiýa. 4. Orta. 5. Alboran. 6. Balear. 7. Liguriy. 8. Tirren. 9. Adriatika. 10. Ioniýa. 11. Egeý. 12. Krit. 13. Marmar. 14. Kara.15. Azow. 16. Karib. 17. Sargasso. 18. Skoºa. 19. Ueddell. 20. Lazarew. Ýuwaº okeanyò deòizleri: 21. Bering. 22. Ohota. 23. Gündogar (Ýapon). 24. Sary. 25. Gündogar Hytaý. 26. Günorta Hytaý. 27. Filippin. 28. Sulu (Sibirýan, Basaýas, Samar, Samotor, Mindano deòizleri bilen). 29. Sulawesi. 30. Moluk. 31. Halmaher. 32. Seram. 33. Ýawa. 34. Bali. 35. Flores. 36. Sawu. 37. Banda. 38. Täze Gwineýa. 39. Solomon. 40. Merjen. 41. Fiji. 42. Koro. 43. Tasman. 44. Ross. 45. Amundsen. 46. Bellinsgauzen. Hindi okeany deòizleri: 47. Gyzyl. 48. Arap. 49. Andaman. 50. Timor. 51. Arafur. 52. Dýurwill. 53. Mouson. 54. Deýwis. 55. Arkalaºyk. 56. Kosmonawtlar. 57. Riser-Larsen. Demirgazyk Buzly okeanynyò deòizleri: 58. Grenlandiýa. 59. Norwegiýa. 60. Ak. 61. Barens. 62. Kara. 63. Laptewler. 64. Gündogar Sibir. 65. Çukotka. 66. Bofort. 67. Baffin. Ýapyk basseý deòizleri: 68. Kaspi. 69. Aral. = > 35 Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Dünýä okeany, deòiz, aýlag, bogaz, basseýn, Magellan, Dreýk, Ýanszon, Warenius, J. Pikar. Barlag üçin soraglar 1. Dünýä okeanynyò bölekleri diýende nämäni düºünýärsiòiz? 2. Dünýädäki iò uly bogazlar haýsy? Amaly ýumuºlar 1. Dünýäniò fiziki kartasyndan okeanlary we deòizleri tapyò. 2. Sudury karta okeanlar hem-de olaryò käbir böleklerini geçi-rip, atlaryny ýazyò. 14- §. Dünýä okeany düýbüniò geologik gurluºy, relýefi Geologik gurluºy. Dünýä okeanynyò düýbi iri litosfera plita- laryndan düzülen. Ýöne olar materikler bilen birlikde bitewi litosfera plitalaryny emele getirendigi üçin materikleriò ady bilen atlandyrylýar. Diòe Ýuwaº okeanynyò düýbi özbaºdak litosfera plitasy hökmünde tapawutlandyrylýar. Okean düýplerinde derýa, deòiz tolkunlary we akymlary, ýeller, aýsbergler getiren çökündiler, hatda organizmler we kosmiki tozanlar çökündi jynslar gatlagyny emele getirýär. Terrigen, ýagny emele gelºine görä gury ýer bilen bagly çökün- diler kenara golaý bolýar. Terrigen gatlaklanmalar Dünýä okeanynyò 25 %-ini örtýär. Okean düýbi bolsa heläk bolan deòiz organizmleriniò galyndy- laryndan emele gelen çökündiler, ýagny okean löti bilen örtülen. Okeanyò kenardan uzak iò çuò böleklerinde gyzyl reòkli okean laýy toplanan. Ol Dünýä okeany düýbüniò 36 %-ini örtýär. Okean 36 laýy goòur reòkli palçykdan ybarat. Ol okeanyò 5 000 m-den çuò böleklerinde bolýar. Okean düýbüniò relýefi. Dünýä okeanynyò düýbüniò relýefi gaty çylºyrymly düzülen. Okean düýbünde materik ºelfleri, materik eòòidi, materik etegi, okean düýbi oýuklary, Orta okean geriºleri we iò çuò çöketlikler ýaly iri relýef ºekilleri bar. Orta okean dag gerºiniò umumy uzynlygy 60 müò km-dan artyk bolup, ol ähli okeanlary kesip geçýär we birnäçe ºahalara bölünýär (9- njy surat). Atlantik okeanda Demirgazyk Afrika, Demirgazyk Amerika, Bra- ziliýa, Angola; Ýuwaº okeanda Demirgazyk-gündogar, Demirgazyk- günbatar, Merkezi, Günorta we Çili; Hindi okeanynda Somali, Mer- kezi we Günbatar Awstraliýa ýaly oýuklar bar. Antarktida kenar ýakasynda Afrika-Antarktida, Awstraliýa-Antarktida we Bellinsgauzen oýuklary bor. Dünýäniò fiziki kartasynda bäº sany basseýni tapawutlandyrmak mümkin. Olar Ýuwaº, Atlantik, Hindi, Demirgazyk Buzly okean basseýnleri we ýapyk basseýnlerdir. Derýa haýsy basseýne öz suwuny guýsa, ºol basseýne degiºli bolýar. 9- njy surat. Okean düýbüniò relýefi. materik ýalpaklygy okeanyò düýbi materik eòòidi ma terik eteg i çuò çökündiler orta okean ulgamlary adalar 37 Adalgalar, daýanç düºnjeler we atlar Okean düýbi relýefi, materik ºelfi, materik eòòidi, materik etegi, okean düýbi oýuklary, orta okean ulgamlary. Barlag üçin soraglar 1. Dünýä okeany düýbi nähili gatlaklanmalardan ybarat? 2. Okean düýbi relýefi nähili düzülen? Amaly ýumuºlar 1. Okean düýbi relýefiniò esasy ºekillerini depderiòize ýazyò. 2. Fizki geografik kartadan okean basseýnlerini tapyò. 15- §. Okean suwunyò aýratynlyklary Okean suwunyò ºorlugy. Dünýä okeany suwunyò esasy aýratynlygy ºorlugydyr. Eger suwuò düzümindäki duzuò mukdary 1 litr suwda 1 gramdan kem bolsa, süýji, artyk bolsa, ºor suw diýlip atlandyrylýar. ªonuò üçin 1 litr suwda erän maddalar (gram ýa-da prfaktor- ledäki) mukdary suwuò ºorluk derejesini görkezýär. Dünýä okeany suwunyò ortaça ºorlugy 35 0 00 bolup, onda dürli maddalar: duzlar, or- ganiki maddalar, ergin halyndaky metallar duºýar. Ekwatorial zolaga (34 35 0 00 ) garanda tropik guºaklyklarda su- wuò ºorlugy ep-esli ýokary (Ýuwaº okeanda 36 37 0 00 , Atlantik okeanda 37,9 0 00 ). Okeanyò açyk böleginde suwuò ºorlugy 33 0 00 -den 37 0 00 çenli, deòizlerde 2 0 00 -den (Fin aýlagy) 42 0 00 çenli (Gyzyl deòiz) üýtgeýär. Okean suwunyò temperaturasy. Dünýä okeany suwlarynyò temperaturasy geografik kanunalaýyklyk esasynda üýtgäp durýar. Suw üstüniò ortaça ýyllyk temperaturasy 17,54 °C-a deò. Açyk okeanda 2 o dan 29 o C çenli üýtgeýär. Termiki ekwator zolagynda (5 10 o demirgazyk giòliklerde) üstki suwuò ortaça temperaturasy 27 38 28 °C. Ýöne tropiklerde bu temperatura 25 27 °C ýetýär. Polýar ülkelerde temperatura 1°, 2 °C çenli peselýär. Dünýä okeanynyò suwy giòlik we uzynlyk boýunça hem-de çuòluga tarap üýtgeýär. Okean düýbünde temperatura 1 000 m-dan çuòlukda, orta hasapda 2 3 °C töwereginde bolýar. Okean suwlary 2 °C-da doòýar. Dünýä okeanynyò iò yssy su- wy Pars aýlagynda, iò sowugy bolsa polýar çägiò içersinde bolýar. Okean akymlary. Dünýä okeanyndaky suwuò hereketi akymlar, galkmalar we tolkunlar ýaly görnüºde ýüze çykýar. Uly göwrümli okean suwlarynyò uzak aralyklara ýönelen gorizontal hereketine okean akymlary diýilýär. Bir tarapa öwüsýän ýelleriò täsirinde okean suwunyò 1 500 m çenli galyòlykdaky üstki gatlagy hereketlenýär. Okean akymlary temperaturasyna görä yssy we sowuk akymlara bölünýär. Polýuslardan ekwatora tarap düýp sowuk akymlar, ek- watordan polýuslara tarap üstki yssy akymlar hereketlenýär. Bu özboluºly sowadyjy-gyzdyryjy maºyny döredýär. Beýle proses okean atmosfera, okean materik ulgamynda-da bolup, mate- rikleriò tebigatynyò reòbe-reò bolmagyna getirýär. Dünýä okeanyndaky Demirgazyk we Günorta passat akymlary, passatlarara garºy akym we günbatar ýeller akymy (uzynlygy 30 müò km) esasy akymlardyr. Ýeriò we Aýyò dartyº güýji täsirinde Dünýä okeany suwlarynda galkma hadysasy (sutkanyò dowamynda iki gezek ýokary galyp, iki gezek peselýär) bolýar. Açyk okeanda suwuò galkma amplitudasy 1 2 m-dan geçmeýär. Ýöne materigiò kenarlarynda tolkunyò beýik- ligi artýar. Ýeliò täsirinde emele gelen tolkunlaryò belentligi okeanlarda 4 m çenli, käbir halatlarda 7,5 m, uzynlygy 90 100 m (käte 800 m) töwereginde bolýar. Iò belent tolkun (34 m) Ýuwaº okeanyò demir- gazyk böleginde bolupdyr. Tropiki we aram giòliklerde tupanlar ýygy- ýygydan bolýar. Gazaply tolkunlardan biri sunami (ýaponça, ajal we weýrançylyk getirýän tolkunlar) ýer titremesi we hereketdäki wulkan- laryò täsirinde emele gelýär. Açyk okeanda belentligi 1 m-den geç- 39 meýär. Ýöne kenara gelende 10 m, käbir wagtlarda 50 m-e göterilýär. Tizligi sagadyna 700 800 km-e ýetýär. Gaty uly ykdysady we ruhy zyýan ýetirýär. Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Suwuò ºorlugy, prfaktore, temperatura, akym, aýsberg, Arktika, Antarktida, sunami, galkma. Barlag üçin soraglar 1. Okean suwlarynyò ºorlugy nähili anyklanýar? 2. Yssy we sowuk akymlar nähili peýda bolýar? Amaly ýumuºlar 1. Dünýä okeanynyò esasy aýratynlyklaryny ýazyò. 2. Esasy yssy we sowuk deòiz akymlaryny sudury karta geçiriò. 16- §. Dünýä okeanynyò atmosfera we gury ýere täsiri Dünýä okeany Ýeriò ähli gabyklary bilen yzygiderli özara ara- gatnaºykda bolup, planetamyzyò tebigatyna güýçli täsir edip durýar. Dünýä okeanynyò atmosfera, litosfera, biosfera bilen hemiºelik özara täsiri netijesinde okean ← → atmosfera ← → gury ýer ulgamy emele gelen. Bu ulgamda madda we energiýa çalºygy bolup geçýär. Ulgam- daky maddalaryò hereketini üpjün edýän uly güýç gün energiýasydyr. Dünýä okeany Yeriò üstüne Günden gelýän ýylylygyò 70 %-ini ýuwud- ýar. Netijede okean ýylylyk akkumulýatoryna öwrülýär we atmo- sferany ýyladyp durýar, bug halyndaky çyg bilen üpjün edýär, gury ýere we ähli suw basseýnlerine ygal berýär. Gün energiýasynyò täsirinde herekete gelýän ýylylyk maºyny bütin Ýer üsti boýunça okean ← → atmosfera ← → gury ýer ulgamynda ýylylyk we çyglylyk paýlaºygyny üpjün edýär (10-njy surat). Ýylylyk 40 maºynyyò hereket ugry, tizligi ýaly aýra- tynlyklaryna Aýyò we Günüò dartyºy hem-de Koriolis güýji, Ýeriò içki ener- giýasy, hatda antropogen faktor hem mä- lim mukdarda täsir edýär. Netijede tebi- gatda dürli prosesler bolup geçýär. Okeanyò atmosfera we gury ýere täsir etmeginde howa massalarynyò orny uly. Okean günüò ýylylygyny toplaýar, olary deòiz akymy dürli giòliklere we uzaklyklara äkidýär, atmosferany ýyladýar. Eger howa massalary okean üstünde emele gelse, deòiz howa massalary, tersine, gury ýer üstünde emele gelse, kontinental howa massalary diýilýär. Bu howa massalary okean ← → gury ýer ulgamynda ýylylygy we sowuklygy daºaýan seriºde wezipesini ýerine ýetirýär. Atmosferada ýüze çykýan ýelleriò, tupanlaryò we taýfunlaryò baº sebäpçisi-de okean ← → atmosfera ← → gury ýer ulgamyndaky madda we energiýa çalºygydyr. Taýfun we tupanlar iki ýarymºaryò 5 20° giòlikleriniò aralygyndaky okeanyò üstünde emele gelýär. Deòiz akymlary hem okeanyò atmosfera bilen gury ýeriò arasyn- daky özara aragatnaºyga güýçli täsir edýär. Aýratynam, maýyl we sowuk deòiz akymlary ýylylygy we sowuklygy geografik giòlikler hem-de uzaklyklar boýunça daºaýar. Okeanlaryò ýaºamak üçin amatly bolan kenarlarynda gadymdan adamlar mekan edinipdirler. Häzir hem kenaryò 50 km çenli bolan böleginde dünýä ilatynyò 27 %-i ýaºaýar. Download 4.19 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling